Honor emeli aň smartfonyny we täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak bilen meşgullanar

  • 05.03.2025 06:20
  • 1.3k+

Barselonada geçirilýän MWC 2025 sergisinde Honor kompaniýasy emeli aňy ösdürmek strategiýasyny hödürledi. Kompaniýa Alpha Plan taslamasyny anons etdi we geljek bäş ýylyň dowamynda EA ekoulgamyna 10 mlrd dollar maýa goýmagy maksat edinýär.

Taslamany durmuşa geçirmek işine Google Cloud we Qualcomm ýaly halkara hyzmatdaşlar hem gatnaşar. Onuň esasy bölegi bolsa neýroulgamlary ulanmakda tehnologiki päsgelçilikleri aradan aýyrjak EA smartfony bolar. Şondan soň Honor EA gurluşlarynyň doly derejeli ekoulgamyny döretmegi meýilleşdirýär.
Şeýle-de, kompaniýa faýllary geçirmek ulgamyny kämilleşdirer. Honor enjamlarynyň arasynda geçirijilik 125 MB/sek, Android-den – 100 MB/sek, iPhone-dan – 85 MB/sek bolar. MacOS we Windows goldawy hem göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, Honor öz smartfonlaryna dipfeýkleri tanamak tehnologiýasyny girizer. Ony ilkinji bolup Honor Magic 7 Pro we Magic V3 alar. EA suratlary gowulandyrmaga kömek eder: zerur bolan ýagdaýynda suratyň hilini ýokarlandyrar, artykmaç obýektleri aýrar we portret suratlaryny gowulaşdyrar.
Honor geljek ýedi ýylyň dowamynda Magic hatarynyň Android we howpsuzlyk ulgamlarynyň täzelenmesini aljakdygyny hem habar berdi. Ýöne şeýle goldawa eýe boljak modelleriň sanawy heniz belli däl.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......