Xiaomi 15 we 15 Ultra-nyň global görnüşleri çykdy: iki esse gymmat we batareýalarynyň sygymy pes

  • 04.03.2025 20:36
  • 4k+

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi 15 we Xiaomi 15 Ultra flagman modelleriniň global görnüşlerini hödürledi. Smartfonlar güýçli kameralar we prosessorlar bilen enjamlaşdyrylan bolsa-da, batareýalarynyň sygymy peseldildi, şeýle-de Hytaýdaky nusgalaryna garanyňda iki esse gymmat bahadan satylýar.

Xiaomi 15 Ultra: 6,73 dýuýmlyk AMOLED displeý (3200×1440, 1-120 Gs, 3200 kd/m²), Snapdragon 8 Elite prosessory, 16 GB RAM (operatiw ýat) we 1 TB-a çenli içerki ýat bilen üpjün edilen. Esasy kamerasy 50 MP Sony LYT-900 (f/1.63) sensory we 200 MP Samsung HP9 (f/2.6, 4,3 esse ýakynlaşdyrma) periskop kamerasy bilen enjamlaşdyrylan. Batareýasynyň sygymy 6000 mA·sag-dan 5410 mA·sag-a çenli peseldılen. Enjam gara, ak we gara-çal reňklerde hödürlenýär, çal-ýaşyl reňk bolsa diňe Hytaý bazarynda galýar. Bahasy: 1499 ýewro (512 GB) we 1699 ýewro (1 TB).

Xiaomi 15: 6,36 dýuýmlyk LTPO OLED displeý (2670×1200, 1-120 Gs, 3200 kd/m²), Snapdragon 8 Elite prosessory, 12 GB RAM we 512 GB-a çenli içerki ýat bilen üpjün edilen. Leica kamerasy: 50 MP Light Fusion 900 (f/1.62) sensoryndan, giň burçly moduldan we teleobýektiwden (5 esse optiki ýakynlaşdyrma mümkinçiligi bilen) ybarat. Batareýasynyň sygymy 5400 mA·sag-dan 5240 mA·sag-a çenli peseldilen. Bahasy: 999 ýewro (256 GB) we 1099 ýewro (512 GB).
Iki enjam hem Android 15 esasly HyperOS 2.0 interfeýsinde işleýär we 90 Wt çalt zarýad alşy goldaýar.
Belläp geçsek, Hytaýda esasy Xiaomi 15 modeliniň bahasy, takmynan, 500 ýewro barabardyr.




22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...