Xiaomi Poco F7 Pro we F7 Ultra modelleriniň dünýäde satuwyna taýýarlanýar

  • 04.03.2025 11:06
  • 2.6k+

Xiaomi ýakynda Poco F7 seriýaly täze smartfonlaryny dünýä bazarynda satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Gürrüň Poco F7 Pro we Poco F7 Ultra modelleri barada gidýär diýip, Overclockers belleýär.

Takyk senesi yglan edilmedi, ýöne insaýderler tanyşdyrylyş dabarasynyň mart aýynyň ahyrynda bolup biljekdigini çaklaýarlar. Bu adaty tanyşdyryş tertibinden ir, çünki Poco F modelleriniň köpüsi öň ilkinji gezek maý aýynda çykýardy.
Gyzykly ýeri, syzdyrylan maglumatlarda hut Pro we Ultra modelleri barada aýratyn aýdylýar. Bu Xiaominiň, Poco F2 Pro-däki ýaly, Poco F7-niň esasy wersiýasyny galdyrylyp biljekdigini aňladyp biler.
Ozal, Xiaomi-niň maglumatlar bazasynda Poco F7 bolar öýdülýän Poco smartfony baradaky maglumatlar tapylypdy. Emma, soňky maglumatlary göz öňünde tutsaň, onuň barlygy şübhe astynda galýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...