Magnus Karlseniň dawaly jinsisi auksionda 36,1 müň dollara satyldy

  • 04.03.2025 06:51
  • 5.2k+

Küşt boýunça 16-njy dünýä çempiony, norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen rapid boýunça dünýä çempionatyndaky dawaly jinsisini satdy. Ony auksionda 36,1 müň dollara satyn aldylar diýip, küştçi X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

Ozal Karlsen ähli alnan serişdeleriň haýyr-sahawata gönükdiriljekdigini aýdypdy.
Ýatlap geçsek, bu jinsi onuň 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Nýu-Ýorkda geçirilen rapid boýunça dünýä çempionatyndan çetleşdirilmegine sebäp boldy. Küştçi ýaryşyň dress-kod düzgünlerini bozdy – FIDE casual-eşikleri gadagan edipdi. Russiýaly grossmeýster Ýan Nepomnýaşiý hem şeýle düzgün bozmasy üçin diňe baş eminden 200 dollar möçberde jerime almak bilen sypdy.

şu gün 10:10
65

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
705

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......