Xiaomi inçe we kuwwatly Redmi Book Pro 2025 noutbuklaryny hödürledi

  • 03.03.2025 23:23
  • 1.7k+

Xiaomi inçe korpusy, ýokary öndürijiligi we elýeterli bahasy bilen tapawutlanýan täze Redmi Book Pro 2025 noutbuklaryny hödürledi. Hatarda iki model bar: Redmi Book Pro 14 we Redmi Book Pro 16.

Noutbuklaryň ikisi-de ýokary durulykly ekran bilen enjamlaşdyryldy. Kiçi model 120 Gs täzelenme ýygylygy bilen diagonaly 14 dýuým we durulygy 2880 x 1800 piksel bolan ekrana, uly model 3072 x 1920 piksel durulyk we 165 Gs ýygylyk bilen 16 dýuým ekrana eýe boldy.
Noutbuklar 16 ýa-da 32 GB operatiw ýat we 1 TB SSD bilen Intel Core Ultra 5 225H we Core Ultra 7 255H prosessorlarynda işleýär.
Awtonomlyk üçin 80 Wt/sag (14 dýuýmlyk model üçin) we 99 Wt/sag (16 dýuýmlyk üçin) sygymly hem-de 100 Wt we 120 Wt zarýad beriş kuwwatly akkumulýator jogap berýär.
Gurluşyň ýogynlygy 15,9 mm bolup, bu uly batareýaly şeýle kuwwatly noutbuklar üçin örän azdyr. Beýleki aýratynlyklaryň arasynda maglumatlary çalt geçirmek üçin Thunderbolt 4 portlary bar.
Baha 14 dýuýmlyk model üçin 785 dollardan we 16 dýuýmlyk üçin 895 dollardan başlaýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...