Toni Fergýuson GFL ligasynda Dillon Denis bilen söweşer

  • 03.03.2025 18:05
  • 8.9k+

Ýeňil agramda UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony Toni Fergýuson täze söweşe taýýarlanýar. Global Fight League-iň (GFL) metbugat gullugynyň habar bermegine görä, onuň indiki garşydaşy amerikaly söweşiji we Konor Makgregoryň ýakyn dosty Dillon Denis bolar.

Söweşi 74,8 kg çenli agram derejesinde geçirmek meýilleşdirilýär, ýöne onuň geçiriljek senesi we ýeri heniz yglan edilmedi.
40 ýaşly Fergýuson karýerasynda kyn tapgyry başdan geçirýär – ol soňky sekiz söweşinde yzygider ýeňildi – bu UFC üçin rekorddyr. Ol eýýäm alty ýyl bäri ýeňiş gazanman gelýär. Maýkl Kýeza bilen soňky söweşinden soň, türgen bir elligini oktagonda goýup, karýerasyny tamamlaýandygyna yşarat edipdi, emma tiz wagtdan bu pikirinden ýüz öwürdi. Ýöne ol indi karýerasyny täze GFL ligasynda dowam etdirer. KHBS-iň maglumatlaryna görä, bu ýerde oňa söweş üçin tas 2 mln dollar teklip edildi.
Dillon Denis barada aýdylanda, ol 2019-njy ýylyň iýun aýyndan bäri MMA düzgünleri boýunça ringe çykmady. Şol wagt ol birinji raundda demikdiriji usul bilen Maks Hamfriden üstün çykypdy. Indi bolsa Denis oktagonyň weterany bilen duşuşar. 


07.06.2026 20:02
6.8k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.9k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......