Charli XCX “Brit Awards 2025-iň” esasy heýkellerini aldy

  • 03.03.2025 16:04
  • 2.7k+

Londonda Brit Awards aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy ýyldyzy aýdymçy Charli XCX boldy. Ol bäş baýraga, şol sanda esasy “Ýylyň artisti” we “Ýylyň albomy” nominasiýalarynda baýraklara mynasyp boldy. Şeýle üstünligi oňa “Brat” albomy getirdi.

Şeýle-de, ol Billi Aýliş bilen bilelikdäki “Guess” aýdymy üçin “Ýylyň aýdymy” baýragyny aldy. Şonuň bilen birlikde “Tans aýdymyny iň gowy ýerine ýetiriji” kategoriýasynda ýeňiş gazandy. Charli XCX dabaradan öň “Ýylyň awtory” diýlip atlandyrylypdy. Onuň hemişeki egindeşi A.G.Cook “Ýylyň prodýuseri” diýlip yglan edildi.
Ondan tapawutlylykda, dört nominasiýada görkezilendigine garamazdan, Dua Lipa baýraksyz galdy.
Beýleki baýraklar şeýle görnüşde paýlandy:

  • “Iň gowy pop artisti” – Jeýd
  • “Iň gowy alt/rok artisti” – Sem Fender
  • “Dogup barýan ýyldyz” – Maýlz Smit
  • “Ýylyň topary” – Ezra Collective
  • “Bütindünýä üstünligi” – Sabrina Karpenter
  • “Ýylyň halkara aýdymy” – “Good Luck, Babe!” aýdymy üçin Çappell Ron
  • “Iň gowy hip-hop artisti” – Stormzy
  • “Iň gowy R&B artisti” – Raye
  • “Ýylyň halkara topary” – Fontaines D.C.
  • “Iň gowy täze artist” – The Last Dinner Party
  • “Ýylyň halkara artisti” – Çappell Ron





16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......