Porsche täze nesil elektrikli Macan Turbo-ny hödürledi

  • 02.03.2025 17:56
  • 4.3k+

Porsche kompaniýasy Macan-yň diňe elektrikli hereketlendiriji bilen hödürlenjek täze neslini resmi taýdan tanyşdyrdy. Onuň önümçiligine 2024-nji ýylyň maý aýynda Leýpsigdäki (Germaniýa) zawodda başlandy. Täze Macan, Audi bilen bilelikde işlenip düzülen Premium Platform Electric (PPE) platformasynyň binýadynda gurulýar.

Salony üç sany ekran bilen enjamlaşdyrylan: 12,6 dýuýmlyk gyralary egrilen gurallar paneli, 10,9 dýuýmlyk merkezi ekran we öňdäki ýolagçy üçin goşmaça 10,9 dýuýmlyk displeý. Täze Macan dört wersiýada hödürlenýär: «Macan Electric», «Macan 4 Electric», «Macan 4S Electric» we «Macan Turbo Electric».
Iň kuwwatly wersiýa bolan «Macan Turbo Electric» iki sany elektrikli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Olar umumylykda 639 at güýjüni öndürýär we 1130 Nm burulma momentini (torky) üpjün edýär. Bu model 100 km/sag tizlige bary-ýogy 3,3 sekuntda ýetýär. WLTP ölçegine görä, bir gezeklik zarýad bilen 612 km ýol geçýär. 100 kWt-sagatlyk akkumulýatory 270 kWt-a çenli tiz zarýad alşy goldaýar we 10%-den 80%-e bary-ýogy 21 minutda ýetýär.

Täze Macan sport dinamikasyny krossoweriň amatlylygy bilen utgaşdyrýar. Onuň yzky ýük bölüminiň göwrümi 540 litr, öň tarapyndaky goşmaça bölümiň göwrümi bolsa 84 litr. Porsche bu model arkaly, elektrikli krossower pudagynda ýokary tehnologiýany we ýokary derejeli tizlenmäni özünde jemlemäge dowam edýär.



19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......