Puma “Garri Potteriň” äheňinde krossowka kolleksiýasyny çykarar

  • 02.03.2025 17:29
  • 7.5k+

Puma “Garri Potter” äleminden ruhlanan täze krossowka kolleksiýasyny anons etdi. Bu kolleksiýa üç modelden ybarat bolar: biri Griffindor fakultetiniň stilinde, beýlekisi – Slizeriniň stilinde, üçünjisi – altyn snitç bilen gara reňkde.

Her jübütiň bahasy 85 dollar.

Bu krossowkalar şeýle görnüşde bolar:

Ýatlap geçsek, häzirki wagtda “Garri Potter” serialyny düşürmek boýunça işler alnyp barylýar. Taslamany döredijiler Albus Dambldoryň keşbi üçin aktýor tapdy. Ony “Dekster” we “Konklaw” seriallaryna gatnaşan Jon Litgou oýnar. Serial 2027-nji ýylyň başynda çykyp başlar.
Taslamanyň şouranneri Françeska Gardiner bolar, “Garri Potter” kitaplarynyň awtory Joan Rouling maslahatçy hökmünde çykyş eder.

şu gün 10:10
65

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
705

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......