Talyp 40 ýyl bäri üýtgewsiz hasaplanan teoriýany ýalana çykardy: täze açyş internedi çaltlaşdyryp biler

  • 02.03.2025 08:56
  • 13k+

Kembrij uniwersitetiniň talyby Endrýu Krapiwin tötänleýin açyş etdi. Onuň açyşy 40 ýyl bäri hiç kim tarapyndan sorag astyna alynmadyk gipotezany (ylmy çaklamany) ýalana çykardy. Krapiwiniň işi heş-tablisalaryň ozal çaklanandan hem çalt işlemäge ukyplydygyny görkezdi. Eger bu usul hakyky durmuşda peýdalanylsa, internet hyzmatlarynyň has çalt işlemegi mümkin.

Heş-tablisalar – maglumatlary tiz tapmak üçin döredilen maglumat gurluşlarydyr. Olar internet dükanlarynda, e-poçta hyzmatlarynda we telefon kataloglarynda giňden ulanylýar. Ozal alymlar bu tablisalaryň tizliginiň belli bir çägi bardyr öýdýärdiler. 1985-nji ýylda meşhur informatik Endrýu Ýao (soň Týuring baýragyna mynasyp boldy) heş-tablisalaryň iş prinsipini öwrenip, belli bir netijä geldi. Onuň pikirine görä, tablisalar gaty köp doldurylsa, olaryň içinde boş ýer tapmak üçin has köp wagt gerek bolýar. Meselem, eger heş-tablisa 99% doly bolsa, ondaky boş öýjügi tapmak üçin ortaça 100 sany nokady barlamaly bolýar.
Bu çaklama onlarça ýyllap hiç kim tarapyndan sorag astyna alynmady. Emma Endrýu Krapiwin bu düzgüni tötänleýin bozdy. Ol has çalt işläp bilýän täze usuly tapdy.
2021-nji ýylyň ahyrynda Krapiwin, Ratgers uniwersitetinde okaýan wagty, kompýuteriň ýadynda maglumat saklaýyş usullary baradaky bir makala gabat geldi. Ol makalada görkezilen usul ýadyň içinde görkezijileriň (pointer) ululygyny kiçeltmegi öwrenýärdi. Aradan birnäçe ýyl geçenden soň, Krapiwin şol makala ýene göz aýlady. Ol maglumatlary saklamak üçin has netijeli usulyň bolup biljekdigi barada oýlandy. Emma muny başarmak üçin, görkezijileriň (pointer) ugruny gönükdirýän maglumatlaryň öz gurluşyny özgertmeli bolýardy.
Heş-tablisalary çuňňur öwrenen wagty, ol garaşylmadyk bir zady ýüze çykardy. Ol adaty heş-tablisalaryň işleýşinden has çalt we has netijeli işleýän täze görnüşi döretdi.
Krapiwin özüniň açyşyny mugallymy, professor Martin Farah-Koltona hödürledi. Ýöne professor ilkibaşda bu pikire şübhe bilen garady. Ol bu pikir dogrumy ýa-da nädogrumy anyklamak üçin, Karnegi – Mellon uniwersitetindäki kärdeşi Uilýam Kuzmaldan kömek sorady.
Kuzmal Krapiwiniň işini içgin gözden geçirdi we derrew bir zada düşündi. Krapiwin diňe bir täze heş-tablisa döretmändir. Ol, üstesine, 40 ýyl bäri üýtgewsiz hasaplanan teoriýany hem ýalana çykarypdy. Iň geň zat bolsa, Krapiwin bu teoriýany öň bilmeýärdi. Ol Endrýu Ýaonyň işinden bihabar eken. Belki, ol hut şol sebäpden, bu «çäklendiriji pikiri» kabul etmezden, täze açyşy edip bilendir?!
Häzirki wagtda Krapiwin Kembrij uniwersitetinde aspirant bolup okaýar. Ol öz açyşyny mugallymy Farah-Kolton we alym Kuzmal bilen bilelikde ylmy makala görnüşinde taýýarlady. Olar bu usulyň diňe bir gözleg prosesini çaltlaşdyrman, eýsem, heş-tablisa näçe doly bolsa-da, maglumat tapmagyň tizligini üýtgetmeýändigini subut etdiler.
Bu açyş häzirlikçe internet ulgamyna gönüden-göni täsir etmez. Emma Krapiwiniň usuly geljekde internediň köp ulgamyny tizleşdirip biler.

«Teoriýadaky açyşyň amaly netijelere nädip öwrüljekdigini biz hiç haçan öňünden aýdyp bilmeýäris. Häzirki wagtda heş-tablisalar hemme ýerde – gözleg ulgamlaryndan başlap, maglumat binýatlaryna çenli – ulanylýar. Şonuň üçin olara giriziljek islendik özgertmeler uzak möhletde uly täsir edip biler» — diýip, «Cornell Tech» neşiriniň alymy Aleks Konweý belleýär.


düýn 12:00
3.8k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......