Öňdebaryjy sürüjilik tehnologiýalary arzan bahaly Mercedes modellerinde hem gurnalar

  • 02.03.2025 07:24
  • 6.2k+

Mercedes-Benz sürüjiler üçin öňdebaryjy kömekçi ulgamlary bolan täze modellerini taýýarlaýar. Kompaniýa 2 ++ derejeli sürüjä kömek ulgamyny arzan bahaly awtoulaglara hem girizmegi meýilleşdirýär.

Bu ulgam sürüjilere ýollarda, şäher köçelerinde we uly magistrallarda ulagy eliňi erkin ýagdaýda dolandyrmaga mümkinçilik berer.
Täze tehnologiýalar CLA-Class-dan S-Class-a çenli ähli modellere giriziler.
Häzirki wagtda, Mercedes awtonom awtoulaglary öndürmekde öňdebaryjydyr. Mysal üçin, S-Class 3-nji derejeli çäkli awtonom hereketlendirijilik ukyby bilen elýeterlidir we bu awtoulag ABŞ-da bu aýratynlygy bolan ýeke-täk awtoulagdyr.

Ulgama degişli beýleki täzelikler simli ruly we suw bilen sowadylýan ösen kompýuterleri öz içine alýar. Bu ulgamyň Tesla Cybertruck we geljekki Toyota modelleriniňkä meňzeş bolmagy ähtimal.
Bu tehnologiýalar bort elektronikasynyň güýjüni we dolandyryş takyklygyny ýokarlandyrar. Entek Mercedes ilki bilen haýsy modelleriň bu funksiýalary aljakdygyny kesgitlemedi.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....