Dünýäde iň uly aýsberg ýene-de Britaniýanyň Günorta Georgiýa adasyna ýakynlaşdy

  • 01.03.2025 21:25
  • 7.4k+

Dünýäde iň uly aýsberg A23a ýene-de Britaniýanyň Günorta Georgiýa adasyna ýakynlaşdy. Uly buz bölegi bilen adanyň arasyndaky aralyk bary-ýogy 90 km barabar. Aýsbergiň hereketine Arktika we Antarktida ylmy-gözleg institutynyň alymlary gözegçilik edýär. Delil hökmünde olar hemra suratlaryny hödürledi.

Hünärmenler buz böleginiň hereketine ýerli akymlaryň täsir edýändigini we olaryň buza günbatar tarapdan Günorta Georgiýany aýlanyp geçmäge mümkinçilik berjekdigini belleýär. Ýöne häzirki wagtda bu sebitlerde günbatar ýelleri bilen güýçli siklon bolup, ol hem aýsbergi kenara alyp barýar. Buz we gidrometeorologiýa maglumaty boýunça hünärmen Polina Soloşuk on günde aýsbergiň 200 km geçendigini aýdýar. Dreýfiň ortaça tizligi sagatda 800 m barabar.
Belläp geçsek, 2025-nji ýylyň fewral aýynda A23a adadan 340 km uzaklykdady. Ýöne ol ugruny üýtgetdi. Şondan soň ondan 80 km uzynlykdaky uly buz bölegi bölünip aýryldy. Bu bölege A23b diýlip resmi taýdan at berildi.

düýn 20:17
3.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......