Samsung 110 dollardan başlaýan 5G smartfonlary Galaxy M06 we M16-ny hödürledi

  • 01.03.2025 14:46
  • 4.9k+

Samsung iki sany täze arzan smartfonyny – Galaxy M06 5G we Galaxy M16 5G modellerini tanyşdyrdy. Iki telefon hem 5G aragatnaşygyny goldaýar we arzan bahadan gowy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar diýip, GSMArena belleýär.

Aýratynlyklary babatynda Galaxy M16 5G modeli Galaxy A16 5G modeline meňzeýär. Ol 6,7 dýuýmlyk AMOLED displeý (durulygy 2340×1080 piksel), MediaTek Dimensity 6300 prosessory we 5000 mA·sag sygymly batareýa (25Wt tiz zarýad berşi goldaýar) bilen enjamlaşdyrylan.
Telefonyň esasy kamerasy 50 MP bolup, şeýle-de 5 MP giň burçly kamera we 2 MP makro kamera bilen üpjün edilen. Smartfon 4 GB, 6 GB ýa-da 8 GB operatiw ýatly (RAM) we 128 GB ýa-da 256 GB içerki ýatly görnüşlerde hödürlenýär.
Enjam Android 15 OS esasly One UI 7 interfeýsinde işleýär. Smartfon 6 ýyl uly täzelenmeleri alar. Ulanyjylar onuň «Blush Pink» (gülgüne), «Mint Green» (ýaşyl) we «Thunder Black» (gara) reňklerini saýlap bilerler.
Galaxy M16 5G-niň bahasy 130 dollardan başlaýar.
Galaxy M06 5G – bu Galaxy F06 5G modeliniň täze ady bilen çykarylan görnüşidir. Ol 6,7 dýuýmlyk LCD displeý (durulygy 1600×720 piksel), MediaTek Dimensity 6300 prosessory we 50 MP esasy kamera hem-de 2 MP çuňluk sensory bilen enjamlaşdyrylan. Smartfon 4 GB ýa-da 6 GB operatiw ýatly we 128 GB içerki ýatly görnüşlerde hödürlenýär. Bu enjam hem Android 15 OS esasly One UI 7 interfeýsinde işleýär, ýöne bu model diňe 4 ýyl uly täzelenmeleri alar.
Smartfon gara we ýaşyl reňklerde elýeterli bolar.
Galaxy M06 5G-niň bahasy 110 dollardan başlaýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...