YouTube-da podkastlaryň auditoriýasy 1 milliard ulanyjydan geçdi

  • 01.03.2025 07:53
  • 4.8k+

YouTube platformasyndaky podkastlar aýda 1 milliarddan gowrak ulanyjyny özüne çekdi. 2024-nji ýylda ulanyjylar olara aýda 400 million sagatdan köp wagt sarp etdi diýip, platformanyň maglumatlaryna salgylanyp, Variety habar berýär.

Ilkibaşda podkastlar diňe audio görnüşindedi, ýöne wagtyň geçmegi bilen awtorlar wideo hem goşup başlady. YouTube “podkastlara maýa goýumlaryň ödelýändigini” we “wideopodkastlaryň – ýönekeý bir trendden has ýokary zatdygyny” belleýär.
YouTube-da podkastlaryň meşhurlygy 2024-nji ýylyň ortasynda Google Podcasts ýapylandan soň birden artdy. Häzir amerikalylaryň 31%-i olary YouTube-da diňleýär, Spotify ulanyjylaryň 27%-ini, Apple Podcasts bolsa 15%-ini çekýär. Aýdym-saz akym hyzmatlaryndan 675 mln adam peýdalanýar, olardan 240 milliondan gowragy iň bolmanda bir gezek wideopodkast gördi.
YouTube-yň baş müdiri Nil Mohan podkasterler üçin täze gurallary, kämilleşdirilen monetizasiýany we has amatly gözlegi wada berdi.
Ýylyň iň meşhur podkastlarynyň biri Jo Roganyň Donald Tramp bilen interwýusy (56 milliondan gowrak tomaşa) boldy. Şeýle-de, öňdebaryjylaryň hatarynda “Baby, This Is Keke Palmer”, “Lex Fridman Podcast” we “Club Shay Shay” bar.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......