Alibaba wideo döredýän Wan 2.1 emeli aň guralyny ulanyjylar üçin mugt etdi

  • 01.03.2025 07:28
  • 1.7k+

Alibaba wideo döretmek üçin niýetlenen emeli aň (EA) modellerini ulanyjylar üçin mugt edendigini mälim etdi. Şeýle etmek bilen hytaýly tehnologiýa ägirdi OpenAI ýaly garşydaşlary bilen bäsleşigi güýçlendirýär diýip, «Reuters» belläp geçýär.

Kompaniýa dört modeli elýeterli edýär. Olar tekst we şekil esasynda surat hem-de wideo döretmäge ukyply EA modeliniň iň soňky wersiýasy bolan Wan 2.1 seriýasyna degişlidir.
Bu modeller Alibaba Cloud hyzmatynyň Model Scope platformasynda hem-de EA modelleriniň uly ammary bolan Hugging Face platformasynda elýeterli bolar. Olar dünýäniň ähli künjeklerindäki alymlara, gözlegçilere we täjirçilik guramalaryna hödürlener.
Açyk kodly (open source) EA tehnologiýalary häzirki wagtda dünýäniň üns merkezine düşdi. Munuň sebäbi, hytaýly DeepSeek kompaniýasynyň ýanwar aýynda özüniň EA modelini beýleki öňdebaryjy EA kompaniýalaryna garanyňda, ep-esli arzan bahadan we has pes kuwwatly Nvidia çiplerinde türgenleşdirendigini mälim etmegidir. DeepSeek-iň açyk kodly bolşy ýaly, Alibaba-nyň modeli hem açyk kodlydyr. Bu bolsa islendik ulanyjynyň ony göçürip alyp, üýtgedip biljekdigini aňladýar.
Mundan ozal Alibaba pikir ýöretme (reasoning) ukyby bolan QwQ-Max AI modeliniň deslapky wersiýasyny hem hödürläpdi. Bu model hem soňra açyk kodly taslama hökmünde elýeterli ediler. Kompaniýa geljekki üç ýylyň dowamynda bulut hasaplaýyş we EA infrastrukturasyny ösdürmek üçin azyndan 380 milliard ýuan (52 mlrd dollar) maýa goýmagy meýilleşdirýär.
Şu ýyl Alibaba-nyň paýnamalarynyň bahasy çalt ýokarlanýar: 2025-nji ýylyň başyndan bäri Gonkongda olaryň bahasy 66% ýokarlandy. Munuň esasy sebäpleri hökmünde kompaniýanyň maliýe görkezijileriniň gowulaşmagy, onuň Hytaýyň EA pudagyndaky esasy oýunçylaryň biri hökmünde kabul edilmegi we Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň ýurduň hususy pudaklaryny goldamak baradaky niýetini beýan etmegi görkezilýär.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......