Charli XCX BRIT Awards 2025-de “Ýylyň awtory” diýlip yglan edildi

  • 28.02.2025 19:06
  • 7.1k+

Angliýaly aýdymçy Charli XCX (hakyky ady Şarlotta Emma Eýtçison) ýakynda geçiriljek BRIT Awards 2025 dabarasynda “Ýylyň awtory” baýragyny alar. Billboard-yň ýazmagyna görä, bu abraýly baýragy ozal Ed Şiran, Kid Garpun we Ray alypdy.

Mundan başga-da, aýdymçy ýene bäş kategoriýada baýrak üçin dalaş edýär: “Ýylyň artisti”, “Ýylyň albomy”, “Iň gowy tans hiti”, “Iň gowy pop ýerine ýetirijisi” we “Ýylyň aýdymy” (Billi Aýliş bilen bilelikdäki aýdymy – “Guess” üçin).
Şu ýyl ol ähli artistleriň arasynda iň köp nominasiýada dalaşgär görkezilen aýdymçy boldy. Öň, ol 12 ýyllyk karýerasynyň dowamynda iň gowy artist we iň gowy pop ýerine ýetirijisi adyna dalaşgär bolan bolsa-da, bir gezek hem baýrak almandy.
2024-nji ýyl 32 ýaşly Charli XCX üçin ýedinji “Brat” studiýa albomynyň netijesinde üstünlikli boldy. Bu albom tankytçylardan ýokary bahalary alyp, köp sanly neşirler tarapyndan ýylyň iň gowy ýazgylarynyň sanawyna girizildi.
Şu ýyl aýdymçy esasy nominasiýalarda baýrak üçin ýedi BRIT Awards baýragynyň eýesi Dua Lipa, rep ýyldyzy Central Cee we indi-aýdymçysy Sem Fender bilen bäsleşer.

Esasy nominasiýalarda BRIT Awards üçin dalaşgärler:
Ýylyň artisti:

  • Beabadoobee
  • Central Cee
  • Charli XCX
  • Dua Lipa
  • Fred Again
  • Jamie xx
  • Maýkl Kiwanuka
  • Nia Archives
  • Reýçel Çinuriri
  • Sem Fender

Ýylyň topary:

  • Bring Me The Horizon
  • Coldplay
  • The Cure
  • Ezra Collective
  • The Last Dinner Party

Ýylyň albomy:

  • Charli XCX - Brat
  • The Cure - Songs of A Lost World
  • Dua Lipa - Radical Optimism
  • Ezra Collective - Dance, No One's Watching
  • The Last Dinner Party - Prelude to Ecstasy

Dalaşgärleriň doly sanawyny şu salgy boýunça görüp bilersiňiz.

Bu nominasiýalarda ýeňijileriň atlary 1-nji martda Londondaky O2 arenasynda geçiriljek dabarada belli bolar.
BRIT Awards 2025-i Jek Uaýtholl alyp barar. Sahnada Sabrina Karpenter, Sem Fender, Teddi Suims we Shaboozey çykyş eder.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....