“Formula-1-iň” iň köp girdejili ýaryşa gatnaşyjylarynyň reýtingi hödürlendi

  • 28.02.2025 18:43
  • 3.4k+

“Formula-1” täze möwsüme taýýarlanýar. “Patyşalyk ýaryşyna” gatnaşyjylar möwsümden öňki synaglar üçin Bahreýnde ýygnanyşdy we bu aralykda olaryň çen-takmyn maliýe ýagdaýlarynyň reýtingi düzüldi diýip, Esquire ýazýar.

Reýtinge görä, “Formula-1-iň” häzirki sürüjileriniň arasynda iň köp girdeji gazanýany britaniýaly Lýuis Hemilton hasaplanýar. “Ferrariniň” täze sürüjisi bolan Hemiltonyň baýlygy 300 mln dollar bilen bahalandyrylýar. Ikinji orunda 260 mln dollar bilen Fernando Alonso (Aston Martin) ýerleşdi. Häzirki dünýä çempiony Maks Werstappen (Red Bull Racing) üçünji boldy, onuň baýlygy 200 mln dollara barabar.

Iň köp girdeji gazanýan ýaryşa gatnaşyjylaryň sanawy:

  • Lýuis Hemilton (Scuderia Ferrari HP) - $300 mln
  • Fernando Alonso (Aston Martin) - $260 mln
  • Maks Werstappen (Red Bull) - $200 mln
  • Karlos Saýns (Atlassian Williams Racing) - $50 mln
  • Lens Stroll (Aston Martin) - $50 mln
  • Şarl Lekler (Scuderia Ferrari HP) - $40 mln
  • Lando Norris (McLaren Formula 1 Team) - $30 mln
  • Pýer Gasli (BWT Alpine Formula One Team) - $29,6 mln
  • Esteban Okon (MoneyGram Haas F1 Team) - $21 mln
  • Jorj Rassell (Mercedes) - $16 mln
  • Niko Hýulkenberg (Stake F1 Team Kick Sauber) - $10 mln
  • Ýuki Sunoda (Visa Cash App Racing Bulls Formula One Team) - $5 mln
  • Oskar Piastri (McLaren Formula 1 Team) - $4 mln
  • Aleks Albon (Atlassian Williams Racing) - $3 mln
  • Liam Louson (Oracle Red Bull Racing) - $1,5 mln

Doly möwsüm 2-nji martda Bahreýniň Gran-prisi bilen başlanar.
Ýatlap geçsek, geçen hepde on toparyň we 20 ýaryşa gatnaşyjynyň ählisi bilelikde Londonda öz bolidleriniň tanyşdyrylyşyny geçirdi.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......