Halkara olimpiýa komiteti Tomas Bahyň wezipeden gitmegini kabul etdi

  • 28.02.2025 23:53
  • 2.8k+

Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) Ýerine ýetiriji geňeşi HOK-yň prezidenti Tomas Bahyň guramanyň agzasy wezipesinden gitmegini kabul etdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär.

Çözgüt 23-nji iýundan soň güýje girer, şol gün onuň ygtyýarlyklary HOK-yň täze prezidentine geçiriler.
HOK-yň täze başlygynyň saýlawlary 20-nji martda Gresiýada guramanyň 144-nji sessiýasynyň çäklerinde bolar. Bu wezipä ýedi dalaşgär bar.
Ýatlap geçsek, 2024-nji ýylyň awgust aýynda Tomas Bah täze möhlete gaýtadan saýlanmak islemeýändigini aýtdy.
71 ýaşly germaniýaly hünärmen 1991-nji ýyldan bäri HOK-yň agzasydyr, ol 2013-nji ýylda sekiz ýyl möhlet bilen guramanyň başlygy boldy, soňra bu wezipede täze dörtýyllyk möhlet bilen galdy.
Tomas Bah sportçy hökmünde rapiraçylaryň toparlaýyn ýaryşynda 1976-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň çempiony we GFR-iň düzüminde topar birinjiliginde 1977-nji ýylyň dünýä çempiony boldy.


06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.8k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...