Photoshop indi smartfonlarda elýeterli: haýsy funksiýalar bar we bahasy näçe?

  • 28.02.2025 10:56
  • 2.9k+

Adobe kompaniýasy Photoshop-yň mobil wersiýasyny hödürledi. Programma ilkibaşda diňe iPhone-lar üçin elýeterli bolar, Android enjamlaryň eýeleri bolsa ony şu ýylyň ahyrynda ulanyp bilerler.

Täze Photoshop gatlaklar, garyşyk tertipler (režimler) we PSD faýllary bilen işlemegi goldaýar. Emma funksiýalaryň köpüsi diňe abunalyk arkaly elýeterli bolar.
Programma esasy redaktirleme gurallaryny öz içine alýar:

  • Gatlaklar, maskalar we düzediş gatlaklary bilen işleşmek;
  • Saýlamak we obýektleri awtomatiki aýyrmak gurallary;
  • Dikeldiji çotga, möhür we beýleki klassiki gurallar;
  • PSD faýllaryň goldawy we Adobe Express, Fresco, Lightroom bilen integrasiýa.

Ykjam goşundy sensorlaýyn dolandyryşa uýgunlaşdyryldy, şeýlelikde ol obýektleri çalt saýlamaga mümkinçilik berýär.
Programmada generatiw funksiýalar üçin Firefly AI ulanylýar, şol sanda Generative Fill we Generative Expand ýaly tehnologiýalar hem bar. Bu funksiýalar suratyň mazmunyny üýtgetmäge ýa-da üstüni ýetirmäge ýardam berýär.
Photoshop-yň mugt wersiýasynyň funksiýalary çäkli. Mümkinçilikleriň ählisi abunalyga ýazylanlar ýa-da «Photoshop Mobile we Web» nyrhnamasynyň eýeleri üçin elýeterlidir (aýyna 7,99 dollar ýa-da ýylyna 69,99 dollar). Abunalygyň käbir ýurtlarda elýeterli däldigini hem bellemek gerek.
Programmanyň Android wersiýasynyň haçan çykjakdygy barada takyk sene aýdylmady. Emma onuň tomus ýa-da güýz aýlarynda çykmagyna garaşylýar.


şu gün 10:10
65

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
705

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......