Xiaomi 15 Ultra flagman smartfony resmi taýdan tanyşdyryldy

  • 27.02.2025 23:01
  • 3.6k+

Xiaomi täze flagman smartfonyny – Xiaomi 15 Ultra-ny resmi taýdan tanyşdyrdy. Enjamyň iň uly tapawudy – dört modully, 14-den 200 mm-e çenli ekwiwalent fokus aralygy bolan kämil Leica kamerasydyr.

Bu enjam islendik şertlerde, hatda ýagtylygyň pes ýerlerinde hem professional fotosuratlary we wideolary düşürmäge mümkinçilik berýär.
Esasy modul 1 dýuýmlyk 50 MP Sony LYT-900 sensoryny ulanýar we ol f/1.63 diafragmaly 23 mm Leica optikasy bilen üpjün edilen. Sensoryň dinamiki diapazony 14 EV bolup, ol pes yşyklandyryşda-da ýagty we jikme-jik suratlary düşürmäge hem-de ýagty ýerler bilen kölegäniň arasyny takyk beýan etmäge mümkinçilik berýär. Bu modul üç sany fokus aralygyndan birini saýlamaga mümkinçilik berýär: 23, 28 we 35 mm.

Esasy periskop kamera 200 MP Samsung HP9 (1/1.4″) sensorynyň esasynda gurlan we ol 100 mm EFR bolan periskop optikasy bilen üpjün edilen. 4,3 esse optiki ýakynlaşdyrma (zum) elýeterli. Şeýle-de ýokary durulykdaky sensoryň kömegi bilen, hilini ýitirmezden 8,6 esse gibrid ýakynlaşdyrma hödürlenýär. Xiaomi f/2.6 diafragmaly optikalar bilen utgaşan uly sensor arkaly ýagtylygyň pes ýerlerinde-de has gowy suratlary we wideolary düşürip bolýandygyny belleýär.
Giň burçly kamera 50 MP Samsung JN9 sensory we f/2.2 diafragmaly 14 mm optika bilen üpjün edilen. Dördünji modul bolsa 50 MP Sony IMX858 sensory we f/1.8 diafragmaly 70 mm EFR bolan adaty teleobýektiw (telefoto linza) bilen gelýär. Bu kamera 3 esse optiki we 6 esse gibrid ýakynlaşdyrma hödürleýär. Öňdäki kamera bolsa 32 MP OmniVision OV32B sensory we f/2.0 diafragmaly optika bilen üpjün edilen.

Xiaomi 15 Ultra 6,73 dýuýmlyk AMOLED displeý (3200×1440 piksel durulykdaky, 1-120 Gs, 3200 kd/m²) bilen üpjün edilen. 8K we 4K durulykda 120 fps (sekuntda 120 kadrda) wideo düşürmek mümkinçiligi, şeýle hem Ultra Image Stabilization stabilizasiýa ulgamy bar.
Şeýle-de «Photography Kit» aksessuar toplumy hem hödürlenýär. Ol kamerany, bilek üçin gaýyşly we aýrylyp-dakylýan tutawajy öz içine alýar. Tutawajyň üstünde surata düşürmek düwmesi, wideo ýazgy düwmesi, ýakynlaşdyrmak üçin dolandyryjy we ekspozisiýa sazlaýjysy ýerleşýär. Tutawajyň içinde 2000 mA·sag sygymly batareýa bar. Ony kiçi göwrümli powerbank hökmünde hem ulanyp bolýar. Toplumyň bahasy bolsa – 999 ýuan (137 dollar).

Smartfon Snapdragon 8 Elite çibi, 12/16 GB operatiw ýat (RAM) we 1 TB çenli içerki ýat bilen enjamlaşdyrylan. 6000 mA·sag sygymly batareýasy 90Wt simli we 80Wt simsiz zarýad alşy goldaýar. Enjam IP68 gorag standartyna görä, tozana we suwa garşy goragly.
Xiaomi 15 Ultra Leica kameralarynyň stilindäki gara-kümüşsöw reňkde, şeýle-de gara, ak we kümüşsöw-ýaşyl görnüşlerde elýeterli bolar.
Xiaomi-niň täze flagman modeli häzirlikçe diňe Hytaýyň içerki bazaryna hödürlendi we bahalary aşakdaky ýaly:

  • 12 + 256 GB –  6499 ýuan (893 dollar);
  • 16 + 512 GB – 6999 ýuan (964 dollar);
  • 16 GB + 1 TB – 7799 ýuan (1074 dollar);
  • 16 GB + 1 TB we aksessuarlary bilen – 7999 ýuan (1099 dollar).

Global tanyşdyrylyş 2-nji martda geçiriler. Hytaýda satuwlar 3-nji martda başlar.


şu gün 08:10
2.2k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.8k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...

06.01.2026 14:33
3.3k+

Xiaomi HyperOS goldawyny 5 ýyla çenli uzaldýar: Täze modelleriň sanawy

Xiaomi kompaniýasy programma üpjünçiligini goldamak maksatnamasyny ep-esli giňeldýändigini yglan etdi. Indi Xiaomi, Redmi we Poco brendleriniň birnäçe enjamlary bäş ýyla çenli HyperOS täzelenmelerini alarlar. Bu täzelik saýlanan smartfonlar we planşetler üçin hem esasy operasion ulgamynyň täzelenmelerini hem-de täze funksiýalaryň yzygiderli girizilmegini öz içine alýar...

04.01.2026 22:08
4.2k+

Poco M8 smartfony 20:9 tarap gatnaşygy bilen segmentde iň berk egri displeýe eýe bolar

Xiaomi kompaniýasy 8-nji ýanwarda resmi tanyşdyrylyşy boljak Poco M8 smartfonynyň tehniki aýratynlyklaryny mälim etdi. Öndüriji täze smartfonyň öz hatarynda iň berk egri displeý bilen üpjün ediljekdigini aýdýar...