Asus ýakymly ysly simsiz syçanjygy çykardy

  • 27.02.2025 11:36
  • 3.8k+

Asus kompaniýasy dürli ýakymly yslary ýaýradyp bilýän simsiz Fragrance Mouse MD101 kompýuter syçanjygyny hödürledi. Gurluşyň aşaky böleginde ysly ýaglar üçin aýrylyp-dakylýan konteýner ýerleşdirilen diýip, 3DNews habar berýär.

Syçanjyk 2,4 GGs ýygylygy bilen Bluetooth arkaly birikmegi goldaýar. Gurluş G seriýaly oýun modelleri ýaly PTFE-den ýasalan aýaklar bilen üpjün edildi. Ol 1200, 1600 we 2400 DPI derejelerini goldaýar. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, syçanjygyň düwmeleri 10 mln gezek basmaga çydamly, ulanylýan bir AA batareýasynyň zarýady bolsa bir ýyl işlemäge ýetýär.
Fragrance Mouse MD101 ak we gülgüne reňklerde hödürlener. Ol Windows, Chrome OS we macOS bilen gabat geler. Onuň çykjak senesi we bahasy heniz yglan edilmedi.
Asus ozal hem ysly enjamlary çykarypdy. 2024-nji ýylda Anna Sui brendi we Adol kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ysly dispenser bilen üpjün edilen Adol 14 Air Fragrance Edition noutbugy hödürlendi.

şu gün 10:10
65

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
705

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......