Google Pixel 9a resmi premýerasyndan bir aý öň wideoda görkezildi

  • 26.02.2025 23:29
  • 2.7k+

Google Pixel 9a smartfonynyň tanyşdyrylyş dabarasy 19-njy martda geçirilip bilner, ýöne internet torunda smartfony görkezýän wideo eýýäm peýda boldy. Threads sosial ulgamynda ýerleşdirilen gysga wideo gurluşyň daşky dizaýnyny, şol sanda kamera modulyny görkezýär.

Wideoda Pixel 9a “obsidian” reňkinde hödürlenýär, ol nusgawy gara meňzeşdir. Doly tekiz diýen ýaly esasy kamera blogy smartfonyň inçe bolmajakdygyny we Pixel flagman seriýasyndan tapawutlylykda ýönekeý sensorlary alyp biljekdigini aňladyp biler.
Pixel 9a-nyň garaşylýan aýratynlyklary:

  • ·Displeý: 6,28 dýuým OLED, iň ýokary ýagtylygy 2700 kd/m2
  • ·Çipset: Google Tensor G4 firma prosessory
  • ·Ýat: 8 GB operatiw, 128 GB ($499) we 256 GB ($599) içki ýat.
  • ·Esasy kamera: 48 MP
  • ·Akkumulýator: 5100 mA/sag
  • ·OS: Android 15.

Deslapky maglumatlara görä, Pixel 9a-nyň satuwy 26-njy martda başlar. Smartfon flagman modelleriniň has amatly görnüşi bolup, Pixel-iň arzan smartfon hataryny dowam etdirer.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....