Mercedes 4 müň dollardan AMG elektrowelosipedini we akylly şlem çykardy

  • 26.02.2025 16:25
  • 9k+

Mercedes howply ýol-ulag hadysalarynda sürüp barýan adamyň janyny halas edip biljek akylly şlemli elektrowelosipedi satuwa çykardy.

Mercedes-AMG F1 City Edition 750 elektrowelosipedi skuterden aňsatlyk bilen ozup biler. Onuň 750 Wt kuwwatly hereketlendirijisi tizligi 45 km/sag çenli artdyrýar, geçýän menzili bolsa 112 km barabar. Welosipedi sürmegiň tygşytly “Rahatlykdan” başlap, ýokary tizlikli “Race-e” çenli dört režimi bolup, ol gezelençleriň islendik görnüşi üçin laýyk gelip biler. Rulda nawigator, spidometr we hatda jaň barada habarnamalar bilen 5,5 dýuýmlyk ekran ýerleşýär.
Toplumda öwrüm görkezijileriniň we stop-signalyň roluny ýerine ýetirýän LED çyrasy bilen Mercedes-AMG F1 Team Smart eBike Helmet akylly şlemi bar. Şlem welosiped bilen Bluetooth arkaly aragatnaşyk saklaýar we heläkçilik ýagdaýynda saýlanan kontaktlara ýa-da halas ediş gullugyna awtomatik taýdan gyssagly habar iberýär.
Ygtybarlylyk alýumin ergininden ýasalan çarçuwa, 9 basgançakly Shimano transmissiýasy we Tektro tormozlary bilen üpjün edilýär.
Welosipediň bahasy $4000 bolup, şlem üçin goşmaça $400 tölemeli. Ýewropada satuw eýýäm başlandy.


20.06.2026 12:20
3.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....