Mercedes benzin we dizel awtomobillerine gaýdyp gelmekçi

  • 26.02.2025 12:15
  • 3.6k+

Mercedes-Benz ýene-de benzin we dizel awtomobillerine ünsi jemlemek isleýär. Bu çözgüt geçen ýyl elektromobil satuwynyň 25% pese gaçmagy bilen baglanyşyklydyr. 2027-nji ýylyň ahyryna çenli kompaniýa içinden ýandyrylýan hereketlendirijili 19 sany täze modeli we 17 elektrokary hödürlär.

Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, awtoöndüriji Germaniýadaky zawodlary ýapmagy meýilleşdirmeýär, ýöne bir modeliň önümçiligini Wengriýa geçirer. Täze ulaglaryň köpüsi premium segmentine degişli bolar.
Mercedes-iň maliýe müdiri Harald Wilgelm benzin we dizel hereketlendirijili awtomobillere bolan islegiň kompaniýa üçin oňyn habardygyny belleýär.
Şeýle-de, awtokonsern elektromobiller we adaty ulaglar üçin dürli dizaýn etmek pikirinden ýüz öwürdi. Indi olar bir umumy stilde ýerine ýetiriler.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....