Çiliniň tutuş çäginde tok öçdi

  • 26.02.2025 11:36
  • 9.4k+

25-nji fewralda Çilide elektrik energiýasynyň köpçülikleýin öçürilmesi bolup geçdi. Bu barada Çiliniň Milli elektrik energiýany utgaşdyryjy edarasy habar berdi

Resmi maglumatlara görä, toguň öçürilmegi ýerli wagt bilen 15:16-da (Aşgabat wagty bilen 23:16) bolup, Çiliniň demirgazygynda Arikiden başlap, günortada Los-Lagos sebitinde çenli aralygy, ýagny tutuş ýurdy öz içine aldy.
La Tercera gazetiniň maglumatlaryna görä, tok bilen bagly näsazlyklar ýüze çykyp başlandan ýarym sagat geçeninden soň hem, 15:53-de, tutuş ýurt boýunça sebitleriň 80,1%-i çyrasyz otyrdy. Köpçülikleýin tok öçürilmeginiň esasy sebäbi Norte-Çiko sebitindäki iri elektrik stansiýasynda ýüze çykan bökdençlikler agzalýar.
Çiliniň paýtagty Santýagoda metropolitenlerde otlularyň hereketi togtadyldy. Otlularda galan ýolagçylar adatdan daşary ýagdaý zerarly daşary çykarylyp, ýörite awtobuslarda daşaldy. Santýagonyň howa menzili ätiýaçlyk elektrik energiýa ulgamyna geçdi.
Tok öçmesi netijesinde Çiliniň demirgazygynda dag magdan çykaryş işleri togtadyldy. Hususan-da, dünýäde iň iri mis käni bolan Eskondida saklandy diýip, Reuters ýazýar. Mis çykarmak boýunça Codelco döwlet kompaniýasy şahtalarynyň ählisiniň zyýan çekendigini habar berdi.


25.06.2026 12:37
6.8k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....