Rianna 9 ýyllyk arakesmeden soň täze “garaşylmadyk” albomyny anons etdi

  • 25.02.2025 17:38
  • 4.9k+

Aýdymçynyň aýtmagyna görä, aýdym-saz “göwnüň zerur tarlary bilen kaklyşmaly”.

Rianna Harper’s Bazaar neşiri bilen söhbetdeşlikde özüniň dokuzynjy studiýa albomy barada giňişleýin maglumatlar bilen paýlaşdy. Ol reliziň “garaşylmadyk” we “täjirçilik däl” boljakdygyny aýtdy.
Aýdymçy ahyrsoňy dogry ugry tapandygyna ynanýar.

“Görýän welin, albom meniň isleýşim ýaly bolýar, meniň islän göwün tarlarym bilen kaklyşýar” – diýip, Rianna belleýär.

Repçi A$AP Rocky bilen iki ogluny terbiýeleýän aýdymçy studiýadaky işiň enelik bilen döredijiligi utgaşdyrmagyň usulyna öwrülendigini aýdýar. Ol soňky albomyndan bäri geçen ýyllaryň dowamynda aýdymlaryň üstünde işländigini, ýöne uzak wagtlap ugruny kesgitläp bilmändigini belledi.

“Men gözledim. “Ine, şol albom, ýok, başga” diýen sözleri başdan geçirdim. Häzir men hemme zada düşündim! Ýöne hiç kim menden hut şuňa garaşmaýar. Albom täjirçilik ýa-da radioformat bolmaz we meniň döredijiligimiň hut häzir nähili bolmalydygyny görkezer” – diýip, Rianna belledi.

Ol köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde albomyň reggi stilinde boljakdygy barada ýaýran maglumatlary ret etdi: “Bu düýbünden beýle däl! Häzir žanr ýok. Şonuň üçin men garaşdym – öňki ideýalar meni görkezmändi”.

“Men aralyk bir zat çykaryp bilmerin. Eger siz sekiz ýyl garaşan bolsaňyz, ýene birneme garaşyp bilersiňiz, bu şoňa deger” – diýip, aýdymçy sözüni jemledi.

Geçen ýylyň iýun aýynda aýdymçy materialdan ýüz öwrüp, ähli işi gaýtadan başlamaly bolandygyny aýdypdy.
Rianna özüniň soňky “Anti” adyny alan albomyny 2016-njy ýylda çykardy.

şu gün 12:00
176

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 11:04
1.8k+

Özbegistan serhetleri kesgitlemek çäresiniň çäginde Gyrgyzystana iki sany oba berdi

Iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek işleriniň çäginde Özbegistanyň umumy meýdany 236 gektar bolan iki sany ilatly nokady Gyrgyzystanyň düzümine geçdi....

şu gün 10:54
664

Dua Lipa Portu şäherinde öz hususy kitaphanasyny açdy

Aýdymçy Dua Lipa Portugaliýanyň Portu şäherinde «Manifesto Library» atly öz hususy kitaphanasyny açdy. Bu taslama, içki bezegleri we gurluşy taýdan Joan Roulinge «Garri Potter» älemini döretmäge ylham beren......

şu gün 10:44
629

Barlaglar doglan wagtyňdaky pes agramy irki akyl ösüşiniň yza galmagy bilen baglaýarlar

Bilefeld uniwersitetiniň barlagçylary agramy has pes bolup doglan çagalaryň, ortaça alanyňda, ýetginjekligiň irki döwründe akyl ukyplaryny anyklaýan synaglarda beýlekilerden pes netije görkezýändiklerini ýüze......