Reuters: Braziliýada tutuş bir şäher süýşgün sebäpli ýeriň astyna gidip biler

  • 25.02.2025 14:41
  • 15k+

Braziliýanyň Buritikupu şäheri süýşgün sebäpli ýumrulmak howpunyň astynda galdy. Häkimiýetler ýerde opurylmalaryň barha ulalýandygy we öýlere ýakynlaşýandygy sebäpli, adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.

Reuters agentliginiň habar bermegine görä, soňky hepdelerde toprakda birnäçe metr uzynlykda jaýryklar emele geldi. Suratlarda käbir jaýlaryň uly oýlaryň göni gyrasynda durandygy görünýär.

“Soňky aýlar oýlaryň möçberi yzygiderli ulalyp, ýaşaýyş jaýlaryna has golaýlaşdy” – diýlip, şäher häkimiýetleriniň resmi beýanynda aýdylýar.

Käbir binalar eýýäm ýumruldy, 1200 töweregi adama bolsa ýaşaýyş jaýyny ýitirmek howpy abanýar. Ilatyň umumy sany 55 000-e ýetýär.
Şeýle ýumrulmalaryň sebäbi güýçli ygallar, tokaýlaryň çapylmagy we gowy meýilnamalaşdyrylmadyk gurluşyk boldy.
Ýerli geograf Marselino Farias boşluklaryň göni öýleriň aşagyndaky toprakda döräp biljekdigini aýdýar. Inžener Lukas Konseýsauwyň bellemegine görä, şäher häkimiýeti bu meseläniň çözgüdini tapmaga taýýar däl.


25.06.2026 12:37
6.8k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....