Dreýk muşdagy bilen "Daş, gaýçy, kagyz" oýnuny oýnap, oňa 20 müň dollar sowgat etdi

  • 24.02.2025 23:30
  • 6.1k+

Rep aýdymçysy Dreýk "Daş, gaýçy, kagyz" oýnundan soň, muşdaklarynyň birine 20 müň dollar sowgat etdi. Waka aýdymçynyň Sidneýde (Awstraliýa) konsertiniň dowamynda bolup geçdi.

Çykyş wagtynda Dreýk muşdaklarynyň elinde tutup duran ýazgyly hatyna üns berdi. Ol hatda «Kakamyň doglan gününe maşyn sowgat edip bilerim ýaly, [pula] „Daş, gaýçy, kagyz“ oýnuny oýnaly» diýen teklip ýazylgydy. Repçi muşdagyny golaýyna çagyryp, bu oýunda ony utup bilýänleriň az-azdygyny duýdurdy.

«Bu meň oýnum», – diýip, repçi öwnüp, garşydaşyny dört synanyşygyň dördüsinde hem ýeňdi.

Muňa garamazdan, Dreýk oňa 20 müň dollar sowgat etjekdigini wada edip, «Gaýdyp, meň bilen „Daş, gaýçy, kagyz“ oýnajak diýme. Men utaryn» diýipdir.

şu gün 10:10
65

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
705

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......