Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty XII synp okuwçylaryň arasynda ýaryşlary geçirýär

  • 24.02.2025 17:17
  • 6.4k+

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we sport mekdeplerinde türgenleşik geçýän XII synp okuwçylaryň arasynda beden taýýarlygy we sport görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçiriljekdigini yglan etdi.

Bäsleşikler şu tertipde we senelerde geçiriler:

  • umumy beden taýýarlygy we sportuň tizlik-güýç alamatly görnüşleri boýunça - 14-15-nji aprel;
  • sportuň oýun görnüşleri boýunça - 16-17-nji aprel;
  • sportuň göreş görnüşleri boýunça - 18-19-nji aprel

Okuwçylar beden taýýarlygynyň möçbernamasynyň hem-de sport  taýýarlygynyň derejesine laýyk gelýän ölçeg kadalarynyň talaplary esasynda bäsleşerler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänler hasaba alynmak üçin şu salgy boýunça maglumatlary doldurmaly.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna okuwa girmekde ýeňillikler göz öňünde tutulyp bilner.
Goşmaça maglumatlary www.education.gov.tm we www.tdbsi.edu.tm resmi web saýtlary arkaly alyp bilersiňiz.


18.06.2026 14:40
3.9k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......