«Türkmenistan Sport» we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty SMS bäsleşigi arkaly «Aýyň türgenini» kesgitlär

  • 23.02.2025 19:35
  • 11k+

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy, Mahabat müdirligi we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty «Aýyň türgeni» atly SMS bäsleşigi yglan etdi.

Her aýyň başynda bäsleşigiň şertleri yglan edilip, aýyň soňky günlerinde bolsa iň köp SMS toplamagy başaran türgen «Aýyň türgeni» adyna mynasyp bolar. “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda bäsleşikli telegepleşigi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby Parahat Mämmetnurow alyp barar we gepleşige Gülendam Berdiýewa redaktorlyk eder.
Bäsleşigiň ilkinji aýynda ýedi sany sport görnüşi - türkmen milli göreşi, guşakly göreş, agyr atletika, dzýudo, kýokşinkaý karate, küşt we kuraş boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň halkara ýaryşlarda iň gowy netijeleri görkezen ýedi sany türgeni gatnaşar.
Aýyň dowamynda teletomaşaçylara türgenleriň her biri, olaryň gündelik türgenleşikleri, halkara ýaryşlardaky tutluşyklaryndan taýýarlanan wideorolikler hem-de türgenleriň görkezen iň gowy netijeleri babatdaky maglumatlar ýetiriler.
Türgenlere aýratynlykda tertip belgileri yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijisi diňe tomaşaçylaryň beren SMS sesleriniň netijesinde saýlanar. Bäsleşigiň netijeleri onlaýn usulynda turkmentv.gov.tm resmi web saýty arkaly tomaşaçylar üçin elýeterli bolar.
Bäsleşigiň ýeňijisine gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşurylar hem-de ol barada ýörite telefilm taýýarlanar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň halkara ýaryşlarda iň gowy netijeleri görkezen ýedi sany türgenine ses bermäge çagyrýarys.
Ses bermek üçin 0518 belgä aşakdaky türgenlere degişli diňe san belgisini ýazyp ibermek ýeterlik.

  • Şahzadbek Matýakubow – 7
  • Sabina Kadyrowa – 8
  • Nurmuhammet Baýdogdyýew – 9
  • Guwanç Hemraýew – 10
  • Maýsa Pardaýewa – 11
  • Amanmuhammet Hommadow – 12
  • Gülnabat Ýazylowa – 13

18.06.2026 14:40
4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......