Täze Zelandiýada mahmal gurçuk ýylyň mör-möjegi boldy

  • 23.02.2025 17:25
  • 7.1k+

Täze Zelandiýada mahmal gurçuk diýlip atlandyrylýan gadymy jandar ýylyň mör-möjegi boldy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. Ol iýmitlenmek üçin agyz emziginden nem goýberýär, şol sebäpli örän gowy awçy hasaplanýar.

Peripatoides novaezealandiae mahmal gurçugy “halka görnüşli gurçuklar bilen bognaýaklylaryň arasynda ýetmeýän bir halka ýalydyr” diýip, gazet belleýär. Olar beýleki oňurgasyzlardan düýpli tapawutlanyp, onihoforalar diýlip atlandyrylýar. Şeýle-de, bu mör-möjek 500 mln ýylyň dowamynda morfologik taýdan üýtgemedik diri jandarlara degişli edilýär.

“Olar gadymy nesle degişli  bolup, özboluşlydyr. Olar örän ýumşak we haýal, daýaw gurçuklara meňzeýär” – diýip, Tuhura Otago muzeýiniň işgäri On Li Lau aýdýar.

Peripatoides novaezealandiae 2023-nji ýylda döredilen Täze Zelandiýanyň Entomologiýa jemgyýetiniň bäsleşiginde ýeňiji boldy. Oňa tas 10 müň adam gatnaşdy, gurçuk üçin 2652 adam ses berdi. Ikinji orny ýaşyl hudaýaty eýeledi. Dalaşgärleriň arasynda ýarganatlarda uçýan ganatsyz siňek, kornişona meňzeş suw öküzi, lişaýnik gülüniň güýesi ýaly jandarlar hem bardy.
Peripatoides novaezealandiae Täze Zelandiýada ýaşaýan mahmal gurçuklaryň 30 görnüşiniň biridir. Adatça, olar tokaýda bäş ýyl ýaşap, her ýyl 10 – 20 nesil öndürýär. Olar öz awuny şepbeşik suwuklygyň kömegi bilen tutýar, eredýär we iýýär. Bu mör-möjekleri tapmak we öwrenmek kyn.
Bellenilişi ýaly, geçirilen bäsleşik mör-möjekleri goramak ýagdaýyny we olaryň ekologiýa roluny görkezmäge gönükdirilendir. Bu jandarlaryň köpüsi nätanyş bolup, olar görünmeýär, görnen ýagdaýynda bolsa “dünýä has jadyly bolýar” diýip, Otago Uniwersitetiniň zoologiýa mugallymy Jenni Jandt belleýär.


30.11.2025 10:09
9.3k+

Täze Zelandiýada seýrek haýwanlary goramagyň hatyrasyna ýabany pişikleri ýok edýärler

Täze Zelandiýanyň hökümeti ýabany pişikleri 2050-nji ýyla çenli doly ýok etmek maksady bilen, olary ýyrtyjylara garşy göreşmegiň milli strategiýasyna goşmak kararyna geldi. Tebigaty goramak ministri Tama Potaka pişikleriň ýurduň biodürlüligine çynlakaý howp salýandygyny nygtady...

27.11.2025 11:44
5.7k+

Täze Zelandiýada gülgüne reňkli çekirtge tapyldy: bu onuň durmuşyny kynlaşdyrar

Täze Zelandiýanyň Ýabany haýwanat dünýäsini goramak departamentiniň hünärmenleri Sigaus robustus görnüşine degişli gülgüne çekirtgäni tapdylar. Beýle üýtgeşiklik tebigatda örän seýrek duş gelýär. Emma şeýle açyk reňkiň howply tarapy hem bar – ol çekirtgäni ýyrtyjylara mese-mälim edip görkezýär...

12.10.2025 11:14
9.6k+

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy 2253 sözden ybarat ady alyp, rekord goýdy

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy Lourens Uotkins dünýäde iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň doly ady 2253 sözden durýar diýip, Daily Mail ýazýar. Waka 1990-njy ýylyň martynda, Uotkinsiň öz şahsy maglumatlaryny üýtgetmek kararyna gelip, öz adyna iki müňden gowrak ikinji ady goşmagy bilen başlady...

06.09.2025 17:19
11k+

Täze zelandiýaly gyz 24 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden 100 m ylgap, rekord goýdy

Täze Zelandiýadan Gabriel Uoll 24,75 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden aýakýalaň 100 metr aralygy ylgap geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. “Bu tejribe ýatdan çykmajak boldy we men öz mümkinçiliklerimiň çäginden çykyp bilendigime buýsanýaryn” – diýip, Gabriel paýlaşdy...