Titan çarçuwaly we ýakut ekranly "Oppo Watch X2" akylly sagady tanyşdyryldy

  • 23.02.2025 10:04
  • 3.6k+

Oppo kompaniýasy täze akylly sagady Oppo Watch X2 modelini resmi taýdan tanyşdyrdy diýip, «Gizmochina» neşiri habar berýär.

Oppo Watch X2 1,5 dýuýmlyk LTPO AMOLED displeýi bilen üpjün edilen, onuň durulygy 466×466 piksel we iň ýokary ýagtylygy bolsa 2200 kd/m2. Ekranyň berkligini ýokarlandyrmak üçin gök ýakut daşy ulanylypdyr. Täze modeli has owadan we täsirli edýän aýratynlyklaryň biri hem titan çarçuwasydyr. Sagadyň gapdalynda ýerleşýän aýlanýan düwme hem interfeýsi aňsatlyk bilen dolandyrmaga ýardam berýär.
Enjam iki sany mikroprosessor we iki sany operasion ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Onuň öndürijiligini Qualcomm Snapdragon W5 Gen 1 çibi üpjün edýär. Bu çip bilen bilelikde Wear OS 5.0 operasion ulgamy ulanylyp, akylly sagada täze funksiýalary we programmalary goldamak mümkinçiligi berilýär. Şeýle-de sagatda arka fondaky prosesleri ýerine ýetirýän we batareýanyň işleýiş wagtyny artdyrýan BES2800BP çibi hem-de RTOS platformasy bar.


Akylly sagat 631 mAh sygymly batareýa bilen üpjün edilýär. Ol akylly tertipde (doly zarýadda) 5 güne çenli, energiýa tygşytlaýjy tertipde bolsa 16 güne çenli işläp bilýär. Şeýle-de maglumatlary saklamak üçin 32 GB içerki ýat bilen üpjün edilýär. Oppo Watch X2 sagady IP68 we MIL-STD-810H standartlaryna laýyklykda öndürilen. Ol suwa çümmelere, beýiklikden gaçmalara, urgylara we ş.m. çydamlydyr.
Sagadyň gurluşynda bedeniň temperaturasyny ölçemek üçin ýörite datçik bar. Şeýle-de ol 8 kanally ýürek urgusyny ölçeýji we 16 kanally gandaky kislorodyň derejesini ölçeýji datçik bilen hem enjamlaşdyrylan. Täze model saglygy seljermek üçin «60 sekuntlyk saglyk ýagdaýynyň barlagy» funksiýasyny hem hödürleýär. Bu funksiýa arkaly ýüregiň urşunyň tizligini, gandaky kislorodyň derejesini, bilegiň temperaturasyny we saglygyň jemi 14 dürli görkezijisini tiz anyklamak mümkin.
Oppo Watch X2 tutuş günüň dowamynda ýüregiň urşuny, ukynyň hilini we gan damarlarynyň ýagdaýyny yzarlap bilýär. Şeýle-de sagat iki sany GPS moduly bilen enjamlaşdyrylan. Olar lokasiýany çalt we takyk anyklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de akylly sagat 100-den gowrak sport tertibini goldaýar.
Akylly sagadyň gara reňkli we silikon kemerli modeli Singapurda 375 dollardan, gök reňkli we deri kemerli modeli bolsa 410 dollardan satuwa çykaryldy. Hytaýda gara reňkli modeli 345 dollardan, kümüş reňkli modeli 355 dollardan we gök reňkli modeli bolsa 370 dollardan satylýar. Oppo Watch X2 sagadynyň beýleki ýurtlarda satuwa çykjak senesi we bahasy barada häzirlikçe resmi maglumat berilmedi.

düýn 21:46
2.7k+

Fransiýa Reýunion adasynda dünýäniň iň gymmat ýoluny gurdurýar

Hindi ummanyndaky Reýunion adasynda taryhdaky iň çylşyrymly we gymmat infrastruktura taslamalarynyň biri bolan «Nouvelle Route du Littoral» (Täze kenarýaka ýoly) gurulýar....

düýn 17:15
1.3k+

2026-njy ýylda Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar

Bu ýylky Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar...

düýn 16:54
3.9k+

Klimotologlar güýçli El-Ninýo sebäpli ýylyň aýagynda elhenç yssynyň boljakdygyny çaklaýarlar

Howa modelleri şu ýylyň ahyrynda güýçli El-Ninýo hadysasynyň döräp, global temperaturanyň öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetmeginiň mümkindigini görkezýär. Klimatologlar global ylmy jemgyýetçiligiň arasynda......

düýn 16:13
6k+

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ sargyt esasynda awtobus hyzmatlaryny hödürleýär

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti edara-kärhanalar, syýahatçylyk edaralary we raýatlar üçin awtobuslary sargyt etmek hyzmatynyň ýola goýlandygyny habar berdi....