Manhart awtobezeg ussahanasy Porsche-ni 966 at güýjüni öndürýän «ýyrtyja» öwürdi

  • 22.02.2025 23:47
  • 7.3k+

«Manhart» atly nemes týuning ussahanasy adaty 700 at güýjündäki Porsche 911 GT2 RS-i täzeden işläp taýýarlady. Netijede, ulag indi 966 at güýjüni öndürip bilýär. Bu bolsa ony 2025-nji ýylyň iň çalt sport awtoulaglarynyň birine öwürýär. Ol häzirki giperkarlar bilen hem bäsleşip bilýär diýip, Hypebeast ýazýar.

Kuwwaty artdyrmak üçin inženerler birnäçe üýtgeşmeleri girizdiler. Ulagyň turbokompressory çalşyldy, sowadyş ulgamy kämilleşdirildi we howa giriş ulgamy täzeden işlenip taýýarlandy. Güýçlendirilen ssepleniýe bolsa, PDK karobkasynyň täze ýüklenmelere uýgunlaşmagyna ýardam berdi. Şeýle hem asma ulgamy «Manthey Racing» bilen bilelikde täzeden sazlandy. Týuning işleriniň netijesinde, ulag ýokary tizlikde has durnukly boldy.
Şeýle-de bolsa tormoz ulgamy üýtgedilmedi. Sebäbi Porsche-niň karbon-keramiki tormoz diskleri ýeterlik derejede kuwwatly. Daşky keşbi babatda sport awtoulag karbon (uglerod) elementleri, 22 dýuýmlyk tigirleri we uly spoýleri bilen tapawutlanýar.
Täzeden işlenen Porsche-niň bahasy entek resmi taýdan mälim edilmedi. Emma mümkinçiliklerine görä, onuň bahasynyň ýokary boljakdygy çaklanylýar.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.9k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....