Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 240 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrýar

  • 22.02.2025 23:03
  • 5.2k+

Ford Motor kompaniýasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 240 müň 510 sany awtoulagyny yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Munuň sebäbi, howpsuzlyk kemeri bilen bagly ýüze çykyp biljek näsazlykdyr. ABŞ-nyň Milli ýol hereketi howpsuzlygynyň administrasiýasynyň (NHTSA) berýän maglumatlaryna görä, bu näsazlyklar 2020-2021-nji ýyllarda öndürilen «Ford Explorer» we «Ford Aviator» modellerine ýüze çykyp biler.

Näsazlyk howpsuzlyk kemeriniň gysgyjyny berkitmek üçin ulanylýan düwmeleriň dogry gurnalmandygy bilen baglanyşykly. Eger-de bu düwmeler dogry ornaşdyrylmasa, heläkçilik wagtynda kemeriň ygtybarly işlemegini peseldip biler. Netijede sürüji we ýolagçylar üçin şikes ýetirme töwekgelçiligi artyp biler.
Ford kompaniýasy müşderileriň ulaglaryny diler merkezlerine getirip biljekdigini we ol ýerlerde mugt barlaglaryň geçiriljekdigini habar berdi. Eger kemçilik ýüze çykarylsa, degişli bölekler çalşylar diýip, «Reuters» neşiri ýazýar.


05.06.2026 15:49
4.1k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....