Insaýder Redmi K90-yň hödürlenjek senesi we aýratynlyklary barada täze maglumatlary berdi

  • 22.02.2025 10:46
  • 2.7k+

Digital Chat Station insaýderiniň berýän habaryna görä, Redmi şu ýylyň oktýabr aýynda K90 smartfonlarynyň täze hataryny hödürlemegi meýilleşdirýär. Ozalky K80 bir aýdan soň - 2024-nji ýylyň noýabr aýynda çykarylypdy.

Şeýle hem insaýder smartfonyň Pro wersiýasynyň täze Qualcomm prosessorlaryny, 50 mp periskopik kamerasyny we tekiz 2K ekrany aljakdygyny aýtdy.
Bu aýratynlyklaryň gowulandyrylmagy bilen smartfonyň bahasy hem galar. Redmi K80 Pro-nyň bahasy başda 510 dollar bolan bolsa, K90 Pro-nyň bahasy 700 dollar töweregi bolar diýlip, çak edilýär.


22.02.2026 01:33
3.7k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...