Dünýäde iň inçe eplenýän smartfon bolan Oppo Find N5 resmi taýdan hödürlendi

  • 22.02.2025 07:24
  • 4.8k+

Oppo Find N5 smartfony Singapurda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda resmi taýdan hödürlendi. Bu model “Eplenýän smartfonlaryň şasy – inçe we berk” resmi şygaryna eýe boldy.

Bu häzirki wagtda bazarda “kitap” görnüşindäki iň inçe smartfon bolup, onuň galyňlygy ýapylan ýagdaýynda 8,93 mm, açylan ýagdaýynda 4,21 mm barabar. Deňeşdirmek üçin, öňki lider Honor Magic V3-üň galyňlygy ýapylan ýagdaýynda 9,3 mm we açylanda 4,35 mm barabardy.
Kompaniýa şeýle inçeligiň we berkligiň öňki Oppo Find N3-üň epme mehanizminden 26% kiçi bolan täze Titanium Flexion titan şarniriniň kömegi bilen gazanylandygyny belleýär. Smartfonyň korpusy awiasion alýumin bilen uglerod süýüminden ýasaldy, şonuň netijesinde onuň agramy 229 gramdan geçmeýär.

Oppo Find N5 suwdan goraglylygyň IPX9 derejesine eýe boldy, bu bolsa enjamyň gyzgyn suwuň akymyna we suwa çümdürilmegine çydap biljekdigini aňladýar.
Smartfon FHD+ durulygy we 120 Gs çenli täzelenme ýygylygy, 2100 nit iň ýokary ýagtylygy bolan 8,12 dýuýmlyk LTPO OLED ekranyna eýe boldy. 6,62 dýuým diagonally daşky LTPO OLED ekranynyň iň ýokary ýagtylygy 2450 nite ýetýär. Ekranlaryň ikisi-de aýratyn satyn alyp boljak Oppo Pen bilen gabat gelýär.
Smartfon SoC Qualcomm Snapdragon 8 Elite prosessorynda gurlup, 12 / 16 Gb operatiw we 256, 512 ýa-da 1024 GB içki ýat bilen üpjün edildi. Ol Android 15 OS-yň esasynda ColorOS 15-iň dolandyrmagy bilen işleýär. Kompaniýa operasion ulgamyň 4 ýyllyk we programma üpjünçiliginiň howpsuzlygynyň 6 ýyllyk täzelenmesini wada berýär. Akkumulýator sygymy 5600 mA/sag bolup, 80 Wt simli we 50 Wt simsiz zarýad berşi goldaýar.
Esasy kamera üç moduldan ybarat bolup, Hasselblad bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi: 50 Mp sensor, 50 Mp periskopik, 8 Mp ultra giňburçly.
Oppo Find N5 smartfonynyň satuwy 28-nji fewralda başlar, ol gara, ak we gyrmyzy-benewşe reňkde elýeterli bolar. 12+256 GB ýat üçin baha 1300 dollardan başlaýar. Halkara bazarynda smartfon 16+512 GB ýat we takmynan, 1870 dollar baha bilen diňe gara we ak reňklerde satylar.

şu gün 00:03
1.1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
983

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......