Volkswagen 268 at güýçli Teramont Pro wnedorožnigini görkezdi

  • 22.02.2025 06:58
  • 3.9k+

Volkswagen ABŞ-da Atlas ady bilen tanalýan ulagyň täzelenen görnüşi bolan täze Teramont Pro wnedorožnigini resmi taýdan hödürledi diýip, Carbuzz neşiri ýazýar.

Daşky görnüşi has döwrebap we sazlaşykly bolup, kuzowy 5 sm ulaldy, uzynlygy 515 sm-e ýetdi. Şol bir wagtyň özünde beýikligi we ini üýtgemedi diýen ýaly. Üýtgeşmeler multimediýa ekranynyň ulaldylmagynyň hasabyna has minimallaşdyrylan dolandyryş paneliniň dizaýnyna-da täsir etdi. Indi oňa ýolagçy üçin elýeterli ekran goşuldy. Gapy panelleri hem üýtgedildi we goşmaça yşyklandyryş aldy.
VW bortda ýolagçylara kömek üçin DeepSeek AI-niň boljakdygyny nygtaýar. Bu funksiýanyň amerikan wersiýasynda boljagy-bolmajagy belli däl.

Hereketlendiriji babatda aýdylanda, Teramont Pro 268 at güýjüni öndürýän torky 400 Nm bolan täze EA888 turbo görnüşli dört silindrli hereketlendiriji bilen işleýär. Kuwwaty öňki modeliň derejesinde üýtgewsiz galsa-da, torky amerikan Atlasy bilen deňeşdirilende, 29,83 Nm artdy. Bu möhümdir, sebäbi täze modeliň agramy 90 kg artdy.
Täzelenen geçiriş gutusy indi adaty gidrotranformatorly awtomatyň ýerine goşa ssepleniýaly geçiriş ulanýar. ABŞ-da nusgawy transmissiýa galsa gerek.
Teramont Pro 2025-nji ýylyň ahyryna çenli satuwa çykarylar we ýakyn wagtda bolsa Atlas modeline hem gowulaşma girizilmegine garaşylýar.


14.05.2026 11:11
4.6k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.5k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.8k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.2k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......