“Liwerpul” – “PSŽ”, “Real” – “Atletiko”: çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň garşydaşlary belli boldy

  • 21.02.2025 22:52
  • 10k+

Şu gün 2024/2025 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekişigi geçirildi. Onuň netijesinde Ýewropanyň esasy klub kubogy ugrunda göreşjek garşydaşlaryň sekiz topary düzüldi.

Ýaryşyň bu tapgyrynda tomaşaçylara birnäçe ýiti duşuşyklar garaşýar:

  • ·“Aston Willa” – “Brýugge”;
  • ·“Lill” – “Borussiýa”;
  • ·“Real” – “Atletiko”;
  • ·“Baýer” – “Bawariýa”;
  • ·“Arsenal” – “PSW”;
  • ·“Inter” – “Feýenoord”;
  • ·“Barselona” – “Benfika”;
  • ·“Liwerpul” – “PSŽ”.

Pleý-off-uň shemasy şeýle görnüşde:

1/8 finalyň ilkinji oýunlary 4-nji martda geçiriler. Jogap oýunlary 11-nji marta meýilleşdirilýär. Ýaryşyň finaly 31-nji maýda Mýunhende geçiriler.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......