Mercedes-Benz S-Class 2025 hödürlendi

  • 21.02.2025 23:47
  • 8.2k+

Mercedes-Benz kompaniýasy özüniň flagman sedany bolan S-Class-yň 2025-nji ýylky täze modelini resmi taýdan hödürledi. Bu barada «IT Home» neşiri habar berýär.

Modeliň ölçegleri üýtgemedi: uzynlygy — 5320 mm, ini — 1921 mm, beýikligi — 1503 mm, teker aralygy bolsa — 3216 mm. Täze aýratynlyklaryň arasynda dinamiki ýyldyz atly yşyklandyryş bar, ol gapylar açylanda brendiň özboluşly ýagtylykly nagyşyny görkezýär.
Täzelenen S-Class-yň salony 12,3 dýuýmlyk 3D gurallar paneli, 12,8 dýuýmlyk OLED multimediýa ekrany we proýeksiýa displeýi bilen enjamlaşdyrylan. Yzky oturgyçdaky ýolagçylar üçin iki sany 11,6 dýuýmlyk ekran we rahatlyk funksiýalaryny sazlamak üçin 7 dýuýmlyk bir sany planşet bar.


Ulagyň MBUX atly akylly dolandyryş ulgamy hem täzelendi. Indi sesli kömekçi diňe öňdäki sürüjiniň we ýolagçynyň däl-de, eýsem yzky ýolagçylaryň hem ses bilen berýän buýruklaryny ýerine ýetirýär. Ulag täze L2+ sürüji kömek ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Bu ulgam ýol örtüginiň aýratynlyklaryny nazara alyp, beýleki ulaglaryň hereketlerini çaklap bilýär. Rahatlygy ýokarlandyrmak üçin aktiw oturgyçlar howa çalşygy, massaž we 43,5° çenli yza ýaplanýan arka ýassygy bilen enjamlaşdyryldy.
Täze S-Class dürli hereketlendirijili görnüşler bilen hödürlenýär: «S 400» we «S450 L» modelleri 2,5 litrlik alty silindrli hereketlendirijiniň we 48 woltlyk starter-generatorly ulgamyň kömegi bilen 313-den 367 at güýjüne çenli kuwwat öndürýär. Has güýçli «S 500 L 4MATIC» modeli 3,0 litrlik hereketlendiriji bilen üpjün edilip, 449 at güýjüni öndürýär. Şeýle hem «S 450 e L» atly gibrid modeli bar. Ol 408 at güýjüni öndürip, diňe elektrik energiýasy bilen 108 km (WLTC standartyna görä) ýol geçip bilýär.
Başlangyç modeliň Hytaýdaky bahasy takmynan 132 müň dollar. Iň ýokary görnüşiň bahasy bolsa 280 müň dollardan geçýär.


düýn 12:20
2.7k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....