Magnus Karlsen özüniň “gadagan edilen” jinsisini auksiona çykardy

  • 21.02.2025 08:22
  • 6.6k+

Küşt boýunça on altynjy dünýä çempiony Magnus Karlsen geçen ýylyň dekabr aýynda rapid boýunça dünýä çempionatynda dawanyň sebäbi bolan jinsini auksiona çykardy.

Ýatlap geçsek, Karlsen dress-kody bozandygy üçin 200 dollar jerime aldy, ýöne eşigini üýtgetmekden ýüz öwrüp, ýaryşdan çekildi. Bu çözgüt onuň soňky ýaryşlara gatnaşmazlygyna getirdi.
Şonda norwegiýaly blitz boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmajakdygyny aýtdy. Ol jinsini hem ýörite çalyşmakdan ýüz öwrendigini belledi.
Bu wakadan soň Halkara küşt federasiýasy (FIDE) dress-kod düzgünlerini gowşatmak kararyna geldi, FIDE-niň ýolbaşçysy Arkadiý Dworkowiç bolsa bu waka babatda gynanç bildirdi.  Şonuň üçin küşt dünýäsiniň ýyldyzy ahyry blitz boýunça dünýä çempionatynda çykyş etdi. Netijede, Magnus Karlsen ýaryşda ýeňiji boldy – ol üç goşmaça döwden soň oýunlaryň deňme-deň gutarmagy sebäpli 2024-nji ýylyň blitz boýunça dünýä çempiony titulyny Ýan Nepomnýaşiý bilen paýlaşmak barada ylalaşdy. Karlsen üçin bu sekizinji, Nepomnýaşiý üçin birinji blitz boýunça çempionlyk boldy.
Indi Karlsen öz belli jinsisini auksiona çykarmak kararyna geldi.

“Gadagan edilen jinsiler” indi siziňki bolup biler. Men öz jinsimi auksiona çykarýaryn. Şular ýaly bir zat ýazaryn diýip pikir etmändim. Ýöne, ine, biz şu ýerde. Ähli gazanylan serişdeler haýyr-sahawat gaznasyna iberiler” – diýip, grossmeýster X sosial ulgamynda ýazdy.

Karlsen dünýä çempiony titulyna 2013-nji ýyldan 2023-nj ýyla çenli eýeçilik edip, dört gezek üstünlikli gorag geçirdi. Ol bäşinji goragdan meýletin ýüz öwürdi.

şu gün 11:22
210

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
686

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
925

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......