Günorta Koreýanyň Blackpink topary dünýä boýunça konsert syýahatyna ugraýar

  • 21.02.2025 08:20
  • 3.2k+

Günorta Koreýanyň Blackpink topary dünýä boýunça konsert syýahatyny yglan etdi. Ol 2025-nji ýylyň iýul aýynda başlap, 2026-njy ýylyň başynda Tokioda tamamlanar.

Ilkinji konsertler Seulyň etegindäki Koýan şäheriniň stadionynda geçiriler. Şondan soň gyzlar topary ABŞ-a ugrap, Los-Anjelesde we Çikagoda çykyş eder.
Şeýle-de, aýdymçylar Kanadanyň Toronto, Amerikanyň Nýu-Ýork, Fransiýanyň Pariž, Italiýanyň Milan, Ispaniýanyň Barselona we Britaniýanyň London şäherinde öz konsertlerini berer.
Blackpink-iň sahna gaýdyp gelmegi toparyň muşdaklaryny geň galdyrdy. Çünki, soňky döwürde toparyň agzalary solo karýerasy bilen meşgullanypdy. Blackpink-iň soňky konsert syýahaty 2023-nji ýylda boldy we oňa 1,8 milliondan gowrak tomaşaçy gatnaşdy.
Blackpink Günorta Koreýanyň 2016-njy ýylda döredilen gyzlar topary bolup, onuň düzümine aýdymçylar Roze, Jenni, Jis we Lisa girýär. Gyzlaryň her biri 2024-2025-nji ýyllarda öz albomyny çykardy: “Rosie”, “Amortage”, “Alter Ego” we “Ruby”.


şu gün 00:21
1.9k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
3.9k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....

09.05.2026 08:01
5.7k+

Seulda günortanky uky boýunça ýaryş geçirildi

Seulda adamlaryň ukusyzlyk meselesine üns çekmek maksady bilen, gysga wagtlyk gündizki uky boýunça ýaryş geçirildi....

13.04.2026 15:19
3.2k+

Günorta Koreýa ilatyny mugt mobil interneti bilen üpjün eder

Iýun aýyndan başlap, Günorta Koreýada mobil internetine ählumumy mugt elýeterlilik girizilýär diýip, ýurduň Ylym ministrligine salgylanyp, «The Register» neşiri habar berýär....