The New York Times gazeti öz işgärlerine emeli aňdan peýdalanmaga rugsat berdi

  • 21.02.2025 07:57
  • 1.8k+

The New York Times gazetiniň ýolbaşçylygy materiallary redaktirlemek, gürrüň bermek, programmirlemek we döretmek üçin emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagyny makullady. Gazet işgärlere täze gural bilen işlemegi öwreder diýip, The Verge habar berýär.

Içerki resminamalara görä, EA tekstleri redaktirlemek, sosial ulgamlarda anonslary ýazmak we SEO sözbaşylaryny döretmek üçin ulanylar. Mundan başga-da, tehnologiýalar ýygy-ýygydan berilýän soraglara jogap taýýarlamaga we interwýu üçin soraglary düzmäge kömek eder.
Şeýle-de bolsa, EA tehnologiýasyndan peýdalanmakda käbir çäklendirmeler bar. Žurnalistlere “makalanyň garalamasyny döretmek ýa-da ony düýpgöter üýtgetmek”, tölegli materiallara elýeterli bolmak, awtorlyk hukugy tarapyndan goralan kontenti ulanmak we degişli bellik goýulmazdan multimedia materiallaryny döretmek üçin ulanmak gadagan edilýär.
Bu ugurda gazet işgärleriniň okuwy EA gurallaryny ulanmak boýunça sapaklary öz içine alar, bu hem redaksion işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek eder. Bu täze tehnologiýalary adaty metbugata ornaşdyrmak üçin möhüm ädimdir.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......