Lenovo eplenýän OLED displeýli ThinkBook Flip AI PC noutbugyny hödürlär

  • 20.02.2025 23:09
  • 1.7k+

Lenovo ýakyn wagtda ThinkBook Flip AI PC atly täze noutbugyny hödürlär. Bu enjam eplenýän OLED displeý bilen enjamlaşdyrylan. Ol zerur bolan halatynda ulanyja ekranyň giňişligini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berýär diýip, «TechSpot» neşiri habar berýär.

Täze enjam hakyndaky maglumatlary meşhur insaýder Ewan Blass paýlaşdy. ThinkBook Flip AI PC-niň displeýi eplenýär we doly açylanda adaty görnüşinden iki esse ulalýar. Eger ulanyja ekranda goşmaça ýer gerek bolsa, ony doly açyp ulanyp bolýar. Eger-de zerur bolmasa ýa-da ekranda görkezilýän zady başga birine görkezmek islese, displeýiň ýokarky bölegini ters tarapa öwrüp bolýar.
Bu noutbuk iki sany şarnir bilen üpjün edilen, şeýle-de özüne ornaşdyrylan klawiaturasy bar. Şol sebäpli ol doly funksiýaly noutbuk hökmünde hyzmat edýär. Ýapyk ýagdaýynda displeýiň ýokarky bölegi enjamyň gapagynyň üstünde ýerleşýär. Şonuň üçin hem ol daşyndan planşete meňzeýär. Eger displeý açylsa, ol klawiatura tarapa gönükdirilýär.
Lenovo ThinkBook Flip AI PC noutbugyny 3-6-njy mart aralygynda geçiriljek MWC elektronika sergisinde tanyşdyrar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......