Telegram-da doly sesli konferensiýalar peýda bolar

  • 20.02.2025 13:51
  • 2.5k+

Telegram-da toparlaýyn sesli konferensiýalar üçin täze interfeýs işlenip düzülýär. Indi söhbetdeşligiň dowamynda islendik wagtda täze gatnaşyjylary goşmak mümkin bolar.

Häzirki wagtda bu funksiýa iOS wersiýasynda synagdan geçirilýär. Täzelenen interfeýsde gatnaşyjylary goşmak üçin düwme bar, emma ol häzirlikçe işlemeýär.
Öň Telegram-da toparlaýyn jaňlar diňe toparlar (grupbalar) ýa-da kanallar arkaly edilýärdi. Indi bolsa iki ulanyjy söhbetdeşlik başladyp, dowamynda täze gatnaşyjylary hem goşup bilerler.
Täze funksiýanyň ähli ulanyjylar üçin haçan elýeterli boljagy entek belli däl. Onuň doly taýýarlanylmagy we synag işleri birnäçe hepdä ýa-da birnäçe aýa çekip biler.


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

30.03.2026 10:43
5k+

Telegramdan ýene bir täzelik

Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär....

04.03.2026 12:15
1.2k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
822

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...