Epic Games "Fortnite-da" hile ulanan oýunçyny baýraklaryndan mahrum etdi we oňa ömürlik gadaganlyk girizdi

  • 20.02.2025 12:03
  • 3.1k+

Epic Games kompaniýasy Fortnite ýaryşynda hile ulanandygy sebäpli, «RepulseGod» lakamy bilen tanalýan professional kibersport oýunçysy Morgan Bamforda garşy kazyýete ýüz tutdy. Kompaniýa onuň ýaryşlara gatnaşmagyny ömürlik gadagan etdi we öň alan baýraklaryny yzyna aldy diýip, «Esports» ýazýar.

«RepulseGod» Fortnite dünýä çempionatynyň 2023-nji ýyldaky finalyna çykmak üçin öz hasabyny başga adamlara bereninden soň uly dawa döräpdi. Hatda ol final tapgyryň başlamazyndan bir gün öň, öz oýunçy ýoldaşy «Jace» bilen bilelikde ýaryşdan çykarylypdy.
Emma Epic Games munuň bilen çäklenmän, Bamforda garşy kazyýete hem ýüz tutdy. Netijede, kompaniýa oňa Fortnite-da ömürlik gadaganlyk girizdi we öň gazanan baýrakdyr pullaryny yzyna alyp, haýyr-sahawat gaznalaryna geçirdi.
Bamford eden işi üçin köpçüligiň öňünde ötünç soramaly boldy.

«Ýaryşlarda hile ulanmak, ýaryşa gatnaşmaga mynasyp bolan oýunçylara zyýan ýetirýär. Men Fortnite jemgyýetçiliginden ötünç soraýaryn. Mundan beýläk, Fortnite-da hiç haçan hile ulanmaryn.» — diýip, ol 15 sekuntlyk wideosynda aýtdy.

Oýunçylar Epic Games-iň bu kararyny goldadylar.

«Eger-de ähli oýun öndürijiler hile ulanýan oýunçylary jogapkärçilige çekip, olary aç-açan ýazgaran bolsady, onda biz bu pudagy alty aýyň dowamynda arassalardyk» — diýip, bloger Rod Breslau aýtdy.

«RepulseGod» 2019-njy ýyldan bäri Fortnite-da professional derejede çykyş edip gelýärdi. Ol iki we üç adamdan ybarat toparlarda geçirilen ýaryşlarda birnäçe gezek ýeňiş gazanypdy. Şeýle-de ol 2020-nji ýylda Okeaniýa sebitinde geçirilen FNCS Invitational ýaryşynda ikinji orny eýeläpdi.

şu gün 11:22
210

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
686

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
925

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......