Londonda “Formula-1” toparlarynyň täze bolidleriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

  • 20.02.2025 11:53
  • 2.4k+

Londondaky “O2 Arenada” 2025 möwsümi üçin “Formula-1” toparlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 10 sany toparyň ählisi täzelenen liwreýalaryny görkezdi hem-de öz sürüjileri bilen tanyşdyrdy.

“Patyşalyk ýaryşlarynyň” 75 ýyllygyna bagyşlanan bu çärä geljekki möwsümde çykyş etjek ähli sürüjiler gatnaşdy. Belläp geçsek, toparlar bilelikdäki çäräniň çäklerinde ilkinji gezek bolidleriň dizaýnyny bilelikde görkezdi.
Esasy täzelikleriň biri goýy gök reňkli bezege eýe bolan “Williams-yň” liwreýasy boldy. Topar üçin Karlos Saýns we Aleks Albon çykyş eder.

“Alpine” toparynyň bolidi gülgüne-gök reňke eýe boldy. Bolidiň gülgüne reňkdäki burun bölegi metallik reňkdäki gök şassi bilen utgaşýar. 2025 möwsüminde toparyň ýaryşa gatnaşyjylary Pýer Gasli we Jek Dugan bolar.

“Aston Martin” tanyşdyryşyny Jeýms Bonduň stilinde geçirdi. Onuň bolidiniň bezegi geçen ýylky bilen meňzeş boldy. Ýaryşa gatnaşyjylaryň düzümi üýtgewsiz galdy – Lens Stroll we Fernando Alonso.

“Mercedes” toparynyň bolidi kümüşsöw bilen gara reňkiň sazlaşmagynda ýerine ýetirildi. Topar üçin Jorj Rassel we Kimi Antonelli çykyş eder.

“Red Bull” sary burun we halka şekili bilen goýy gök bezegi saklap galdy. Ol topar tarapyndan 2016-njy ýyldan bäri ulanylýar. Täze möwsümde Maks Werstappeniň ýoldaşy Liam Louson bolar.

“Ferrari” öz tanyşdyryşyny toparyň esaslandyryjysy Enso Ferrariniň hatyrasyna bagyşlap, onuň hormatyna wideo görkezdi. Bolid üçin bolsa gyzyl reňk saýlanyp, birneme ak goşuldy. 2025-nji ýylda toparda Şarl Lekler we Lýuis Hemilton çykyş eder.

Tanyşdyrylyş çäresini Konstruktorlaryň kubogynyň häzirki eýesi “McLaren” jemledi. Topar geçen möwsümdäki ýaly dizaýn shemasyny saýlap, papaýi reňkli burun bölegini we awtomobiliň yzky çyralaryny saklap galdy. Toparyň sürüjileri – Lando Norris we Oskar Piastri.

Mundan başga-da, tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde baş keşbi Bred Pittiň ýerine ýetirmeginde “F1” ýaryşlary baradaky filmiň promo-roligi görkezildi. Film 2025-nji ýylyň iýunynda prokata çykar.
Ahyrynda, toparlar Konstruktorlaryň kubogyndaky orunlaryna görä hatara düzüldi.
Täze möwsüm 26-njy fewralda Bahreýnde başlaýar, bu ýerde gyşky synaglar geçer. Ýaryşyň ilkinji tapgyry bolsa Melburnda Awstraliýanyň Gran-prisi bolar (14-16-njy mart).


09.06.2026 07:51
4.4k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....