HP 4299 dollardan, diskret wideokarty bolmadyk noutbugyny hödürledi

  • 19.02.2025 23:29
  • 1.6k+

HP uly bir dabara etmezden emeli aňa daýanýan 14 dýuýmlyk EliteBook X G1a (2025) noutbugyny hödürledi. Gurluş kuwwatly prosessora we inçe korpusa eýe boldy. Ýöne 4299 dollar baha bilen diskret wideokartynyň bolmazlygy sorag döredýär diýip, Gizmochina belleýär.

Noutbuk 12 ýadroly AMD Ryzen AI 9 HX 375 (5,1 GGs çenli) prosessory, 128 GB LPDDR5X-8533 operatiw we 1 TB PCIe Gen4 hemişelik ýady bilen enjamlaşdyryldy. Bu EA modelleri bilen işlemäge we ulanyjy soraglaryny ýerli ýagdaýda gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.
Noutbuk ulanyjylaryň gözüni goramak üçin HP Eye Ease tehnologiýasy bilen 14 dýuým OLED displeýine eýe boldy. Radeon 890M grafikasy oýunlary pes sazlamalarda işletmäge mümkinçilik berýär.
Korpusyň galyňlygy – 9,1 mm, agramy – 1,49 kg. Akkumulýatoryň sygymy 74,5 Wt/sag, zarýad beriş kuwwaty – 100 Wt. Wi-Fi 7, Bluetooth 5.4, Thunderbolt 4 portlary, USB-C, HDMI 2.1 we 3,5 mm audio porty bar.
EliteBook X G1a (2025) noutbugy HP Wolf Pro Security, Sure Platform we Tamper Lock bilen üpjün edildi. Şeýle-de, barmak yzynyň skaneri we Windows Hello bilen 5 Mp infragyzyl kamerasy bar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......