Vivo V50 flagmany tanyşdyryldy: öz synpynyň iň ýuka smartfony

  • 19.02.2025 17:06
  • 4k+

Vivo täze flagman V50 smartfonyny hödürledi. Täze model diýseň ýuka korpusy, uly batareýasy we ýokary derejeli aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

Smartfon tehniki aýratynlyklary boýunça öňküsinden kän bir tapawutlanmaýar. Şeýle-de bolsa täze modeliň has täsirli we özüne çekiji dizaýny bar: korpusynyň galyňlygy bary-ýogy 7,39 mm, ekranynyň gyralary egrilen görnüşde, kamera moduly iki halkaly dizaýna eýe.
Vivo V50 6,77 dýuýmlyk, 2800×1260 piksel durulykdaky, 120 Gz täzeleniş ýygylykly we aňrybaş 4500 nit ýagtylyk berýän OLED displeý, şeýle hem beýiklikden gaçmalara garşy ýörite Diamond Shield Glass gorag aýnasy bilen enjamlaşdyrylan.
Täze flagman Snapdragon 7 Gen 3 prosessory bilen işleýär. Ol 8 GB/12 GB operatiw ýat (RAM) we 128 GB/512 GB içerki ýat bilen hödürlenýär. Batareýasy 6000 mAh göwrümli bolup, 90 Wt tiz zarýad beriş tehnologiýasyny goldaýar. Smartfon Android 15 esasly Funtouch OS 15 interfeýsinde işleýär.
Esasy kamera moduly iki sany linza bilen enjamlaşdyrylan: optiki stabilizasiýa ulgamyny (OIS) hödürleýän 50 MP çözgütdäki duýgur sensor we 119° görüş burçuny hödürleýän 50 MP giň burçly sensor. Öň tarapdaky kamera bolsa 50 MP sensor bilen üpjün edilen. Ol awtofokus mümkinçiligini goldaýar we 92° burç bilen surata düşürip bilýär. Kameralaryň hersi Ultra-HD 4K formatda wideo ýazga alyp bilýär.
Vivo V50 25-nji fewralda diňe Hindistanda satuwa çykarylar. Täze modeliň beýleki ýurtlarda haçan satylyp başlanjakdygy barada häzirlikçe resmi maglumat ýok.
V50 üç reňkde hödürlenýär: «Gülgüne-gyzyl», «Ýyldyzly gije» we «Titan-çal».
Bahalary:

  • Vivo V50 (8/128 GB) — 34999 rupiýa (takmynan, 403 dollar)
  • Vivo V50 (12/512 GB) — 40999 rupiýa (takmynan, 472 dollar)
şu gün 11:22
210

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
686

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
925

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......