Priştinada üçegi “tubleta” şekilinde bolan opera teatry gurlar

  • 19.02.2025 16:21
  • 3.6k+

Daniýanyň Bjarke Ingels Group (BIG) býurosy Priştinada (Kosowoda) gurulmagy meýilleşdirilýän opera we balet teatrynyň taslamasyny görkezdi. Onuň tapawutly aýratynlygy tubletadan – albanlaryň milli ýubkasyndan ylhamlanan tolkun şekilli üçegi bolar diýip, Global Construction Review ýazýar.

Taslama Kosowonyň ALB-Architect studiýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi. Meýdany 42,4 müň inedördül metr bolan bu binada 1200 orunlyk konsert zaly, 1000 orunlyk tomaşa zaly, 300 orunlyk kiçi zal, şeýle hem konferensiýa we bilim merkezleri ýerleşdiriler.
Binanyň fasadlaryny aýnadan, bezegini we desgalaryň bir bölegini agaçdan ýasamak meýilleşdirilýär. Üçek energiýa sarp edilişini tygşytlajak Gün panelleri bilen üpjün ediler.
BIG býurosynyň esaslandyryjysy Býarke Ingels: "Bu sungatyň ösmegine şeýle uly goşant goşan ýurt üçin täze sungat merkeziniň taslamasyny işläp düzmek biziň üçin uly abraýdyr" - diýdi. Ol binagärleriň “çeper eserleri öndürýän zawod” döretmek isländiklerini aýtdy.

şu gün 11:22
210

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
686

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
925

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......