Ýapon alymlary Aýda iýmit ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny işläp taýýarlaýarlar

  • 19.02.2025 11:36
  • 5.6k+

Ýaponiýada Ýerden daşynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça barlaglar alnyp barylýar. Tiba uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen merkezi kosmosdaky ýaşaýşa uýgunlaşdyrmak üçin ösümlikleri ekstremal şertlerde ösdürip ýetişdirmegiň tärlerini öwrenýär diýip,  Jiji Press habar berýär.

Alymlaryň öňünde ägirt uly wezipe goýuldy. Olar NASA tarapyndan durmuşa geçirilýän Artemis maksatnamasynyň çäginde 2040-njy ýyllara çenli Aýda ilkinji fermany gurmaly. Bu missiýa Aýyň üstüne iberiljek iki ýapon astronawty gatnaşar. Olar aýratyn kyn şertlere: iki hepdelik gijä we gündize, +110-dan - 170 ° C-e çenli temperatura, pes dartyş güýjüne we kosmos radiasiýasyna döz gelmeli bolarlar.
Alymlar ösümlikleri izolirlenen ýerasty fermalarda ösdürip ýetişdirmegi teklip edýärler. Iýmitleriň ýokumlylyk, kuwwat berijilik gymmatyna we dürlüligine bagyşlanan barlaglar Ýeriň hemrasynda ösdürip ýetişdirmek üçin iň amatly ekinleri saýlamaga mümkinçilik berdi, olar - tüwi, soýa noýbasy, ýeralma, badat, pomidor, ýertudana, hyýar we salat-latuk.
Häzirki wagtda hünärmenler ýeralmany we badaty hasaba almazdan, bu ekinleriň altysyna ünsi jemleýärler. Alymlar ikinji gezek ulanylýan serişdelerden has netijeli peýdalanmak bilen, ýapyk ekoulgamy döretmek isleýärler.


şu gün 00:18
261

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....